SIZDEN GELENLER

Täsin sitrus miwe – “Buddanyň eli”

Rutlar maşgalasyna degişli bolan sitronlar – beýikligi 3 metre çenli bolan agaçjymak gyrymsydyr. Sitronlar ähli sitrus miweleriniň içinde iň ulusydyr. Häzirki wagtda sitronlaryň birnäçe görnüşi ýaýrandyr. Ylmy atlary citrus medica var. ethrog, citrus medica var. medica, citrus medica var. sarcodactylis bolan sitron görnüşleriniň iň täsinleriniň biri-de citrus medica var. sarcodactylis ýa-da “Buddanyň eli” görnüşidir.

Buddanyň eli – agaç ýa-da gyrymsy agaç görnüşinde bolup, gülleri hem-de bişmedik miweleri gyrmyzy reňkli. Ol aýaza duýgurdyr. Heniz bişmedik miwesi ownuk, goňrumtyl reňkli, bişen miweler bolsa uly bolup, ortaça 15-30 sm ululykdadyr. Miweler toplum görnüşinde bolup, bir başlangyçdan çykyp adam barmaklaryna çalym edýän şekili emele getirýär. Miweler adatça güýzüň ahyrynda we gyşyň başynda bişip ýetişýär. Hytaýda ol bagtyň hem-de uzak ömürliligiň nyşany hasaplanýar. Bu adat gadymy wagtdan bäri dowam edip gelip häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Buddanyň eli sitrony özboluşly daşky görnüşi we tagamy bilen bellidir. Şeýle-de ol bezeg agajy hem meşhur bolup, gibridleşdirilip alnan karlik görnüşi öý şertleriniň bezegidir. Bişmedik miwesi we guradylan gabygy halk lukmançylygynda kuwwatlandyryjy serişde hökmünde peýdalanylýar. Taryhy maglumatlara görä, ol biziň eramyzyň X asyryna çenli döwürde hem tanalypdyr. Hytaýly suratkeşler bu miwäni agaç önümlerinde şekillendiripdirler. Ýaponiýada Buddanyň eli miwesi iň gowy täze ýyl sowgatlyklarynyň biri hökmünde meşhurdyr. Otag şertlerinde ony öýüň içine ýakymly ysy ýaýradýandygy üçin hem ösdürýärler.

 

Aýsoltan Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Ançelotti täzeden “Reala” dolandy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti