BIZNES

Bernar Arno dünýäniň iň baý adamy boldy

LVMH toparynyň prezidenti Bernard Arno, «Forbes Real Time» milliarderler sanawyna görä, «Amazonyň» esaslandyryjysy Jeff Bezosdan öňe geçip, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orna çykdy.

Arnonyň baýlygy bir günde 710 million dollar artyp, jemi 186,3 milliard dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde Bezos bolsa 186 milliard dollar bilen ikinji ýeri eýeledi.

«Bloomberg Billionaires Index» (BBI) tarapyndan taýýarlanan sanawa görä bolsa Arno 162 milliard dollar baýlygy bilen heniz Bezosdan yzda. «Bloomberg»-iň habaryna görä, ýylyň başyndan bäri fransuz işewüriniň baýlygy 47,9 milliard dollar artdy.

«Forbes» sanawyň üçünji ornunda 147,3 milliard dollar bilen «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Masky goýýar. Şeýle hem ilkinji bäşlige «Microsoftyň» esaslandyryjysy Bill Geýts (125,5 milliard dollar) we «Facebookyň» esaslandyryjysy Mark Sukerberg (114,7 milliard dollar) bilen ýer alýar.

 

Täze awtobuslar aşgabatlylaryň hyzmatynda

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar