Arylar asyrlar boýy bize, ösümliklere we daşky gurşawa peýdaly bolmak üçin yzygiderli işleýärler. Arylar planetamyzda iň işleýän jandarlaryň biridir we olaryň roly tutuş ekosistema üçin möhümdir. Olar adamzat üçin peýdaly bolan baly öndürýärler. Balyň düzümi hem birnäçe keselleriň öňüni alyp biljek ýokumly witaminlerden doludyr. Bütindünýä ary güni 20-nji maýda bütin dünýäde bellenilip geçilýär. Bu günde 1734-nji ýylda Sloweniýada aryçylyk pudagynyň öňdebaryjysy Anton Ýanşa dünýä indi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler Sloweniýanyň 2017-nji ýylyň dekabrynda 20-nji maýy Bütindünýä ary güni diýip yglan etmek teklibini tassyklady. Şeýlelikde, ilkinji Bütindünýä ary güni 2018-nji ýylyň 20-nji maýynda bellenilip geçildi. Her ýyl Bütindünýä ary gününi bellemek bilen, arylaryň we beýleki mör-möjekleriň adamlary we planetany sagdyn saklamakda oýnaýan möhüm roly, olaryň ýitip ýok bolup gitmeginiň öňüni almaga degişli çäreleri geçirmäge mümkinçilik berer. Arylar barada käbir gyzykly maglumatlar:1. Arylaryň aýaklarynyň bolandygyna garamazdan, dyz epmek ýaly bir zady ýok, şonuň üçinem olaryň dyzlary ýok.2. Bal antiseptik häsiýetlere eýedir we taryhda ýarany bejermek, ýanmak we kesmek üçin ilkinji kömek hökmünde ulanylypdyr.3. Baldaky tebigy miwe şekerleri – fruktoza we glýukoza beden tarapyndan çalt siňýär. Şonuň üçin türgenler tebigy energiýasyny ýokarlandyrmak üçin bal ulanýarlar.4. Aryçylyk tejribesi azyndan 4500 ýyllykdyr.5. Arylar bir funt (takmynan, 0.45 kg) bal öndürmek üçin iki million gülden nektar ýygnamalydyr.6. Ortaça ary ömründe diňe bir çaý çemçesi bal öndürer.
Begenç AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.