JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Bu resminamanyň esasynda şol günüň özünde milli hem-de daşary ýurt pulunda degişli bank hasaplary açyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däplerine laýyklykda, milli Liderimiz bu gazna özüniň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde ony döretmek hakyndaky çözgüdi beýan edip, munuň ata-babalarymyzyň kömege mätäçlere ýardam bermek hem-de olary hemmetaraplaýyn goldamak ýaly ynsanperwer ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Häzirki wagtda bu parasatly ýörelgeler hem-de däpler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesilleriň abadançylygy hakyndaky alada bolsa şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

Hepdelik täleýnama (5-11-aprel)

 

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys