SPORT

FIFA-nyň koronawirus ýokanjyna garşy göreşe goldawy

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) COVID-19 keseline garşy sanjymy üpjün etmek, keseli bejermek, anyklamak we ählumumy elýeterliligi üpjün etmek üçin bilelikde täze maglumat kampaniýasyny döredýärler. Bu kampaniýa futbol ýyldyzlarynyň ünsüni çekerler. Olar hem öz gezeginde keseliň öňüni alyş çäreleri geçirmek barada maglumat bererler.  Bu barada BMG-niň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Teleýaýlymda, duşuşyklaryň dowamynda stadionlarda görkeziljek wideo şekillerde meşhur futbolçylar koronawirus keselini bejermek, öňüni almak usullaryny we futbol janköýerlerine agyz-burun örtüginiň geýmeginiň möhümdigini we fiziki aralygy saklamagy, elleri ýygy-ýygydan ýuwmak barada maglumat bererler.

“Kompaniýa başlangyjynyň global goldawa mätäç bolup durýar  we meşhur futbolçylyra maglumat kampaniýasyna gatnaşmaga taýýardyklary üçin minnetdarlygy bildirýärin” diýip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Gurmasynyň ýolbaşçysy Tedros Gebreýesus belläp geçýär.

FIFA we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň döreden maglumat kampaniýasynyň wideo şekillerine ýyldyz futbolçylar, toparlaryň kapitanlary we meşhur futbol tälimçiler gatnaşarlar.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy