TEHNOLOGIÝA

3D printer arkaly gurlan jaý satylýar

ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynda dünýädäki ilkinji 3D printeri arkaly gurlan jaý satuwa çykaryldy. Riwerhed şäherçesinde ýerleşýän bu jaýy “SQ4D” kompaniýasy 299,9 müň dollara satmak isleýär diýip, “UPI” kompaniýasy habar berýär. Jaýyň her bir bölegi ýörite ussahanada aýratyn çap edilpdir.

“Betondan gurlan bu jaý adaty agaç çarçuwaly jaýlaryndan kuwwatlylygy we çydamlylygy bilen tapawutlanýar”  diýip, kompaniýa belläp geçýär. Jaýyň meýdany 130 kwadrat metre deň bolup, üç sany ýatylýan otag, iki sany hammam, şeýle hem iki orunlyk awtoduralgasyny öz içine alýar. Jaýy gurmak üçin jemi 8 gün gerek bolupdyr we gurluşyk meýdançasyna 3 adam gatnaşypdyr. Bu jaýy öndüren kompaniýa ýene-de 3D printer arkaly täze jaýlary gurmak isleýärler.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Related posts

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

“Samsung”-dan üýtgeşik gulaklyk

Ata Watan Eserleri

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i türkmen işewürlerine amatly internet hyzmatlaryny hödürleýär

Ata Watan Eserleri