MEDENIÝET

Aýdym-saz sungatynyň esasy çäresi yza süýşürildi

31-nji ýanwarda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los-Anželes şäherinde geçirilmegine garaşylýan “Gremmi” baýragynyň baýrak gowşurylyş dabarasy koronawirus ýokançynyň köpelmegi sebäpli yza süýşürildi diýip, “Rolling stone” aýdym-saz web saýty habar berýär. Ýakyn wagtda dabaranyň geçiriljek senesi resmi taýdan yglan ediler.

“Gremmi” baýragynyň guramaçasy we “Recording Academy” guramasynyň ýolbaşçysy Harwi Meýson noýabr aýynda dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde bu çäräniň az sanly tomaşaçy üçin meýilleşdirilendigini, ýöne başga-da köp jikme-jiklikleriň üstünde işleýändigini aýdyp geçdi. Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri baýrak gowşurylyş dabarasy mart aýynda geçiriljekdigini barada habar berýär.

Amerikanyň ýyldyz aýdymçysy Beýonse 63-nji “Gremmi” baýragyna 9 kategoriýada dalaşgär görkezildi. Şeýlelik bilen Beýonse, “Gremmi” baýragynyň taryhynda iň köp dalaşgär görkezilen sungat işgäri boldy.  Dünýä belli aýdymçylar Teýlor Swift, Roddi Riç we Dua Lipa umumulykda 6 kategoriýada dalaşgär görkezildi.

2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli “MTV Video Music Awards”, “Latin Grammys” we “Emmy Awards” ýaly baýraklaryň gowşurylyş dabaralary onlaýn arkaly ýa-da çäkli adamlaryň gatnaşmagynda geçirilendigini ýatladýarys.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreler

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni