Şu günler Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Altyn minbar» atly Kazan halkara kinofestiwaly geçirilýär. Bu abraýly kinofestiwalda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Kompozitor» atly çeper filmi görkezildi.
Bu kinofestiwala gatnaşýan Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekili, režissýor Sahysalyh Baýramow «Türkmenfilm» birleşiginiň alyp barýan işleri hem-de «Kompozitor» atly çeper filmi barada tomaşaçylara gürrüň berdi.

«Kompozitor» filmi 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwalda eminleriň ýörite baýragyna, iň gowy zenan keşbi baýragyna, 2025-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kinofestiwalynda «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça baýraklara mynasyp bolupdy.
Filmde türkmen halkynyň milli saz sungatyny, onuň jadylaýjy güýjüni görkezýän görnüşler suratlandyrylýar. Filmiň tutuş dowamynda wakalar sazyň utgaşdyrylmagynda beýan edilýär. Kerim Berdimuhamedowyň filmde orun alan saz eserleri gahrymanlaryň içki dünýäsini inçeden açyp görkezmek bilen, türkmen saz medeniýetiniň baý däplerine daýanýar. Bu sazlar türki halklaryň medeni mirasyny ösdürmäge we olary gorap saklamaga möhüm goşantdyr diýlip, habarda bellenilýär.
