TESWIRLER

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.

1.10. Ady agzalan türkmen romanyndakyAkyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat

Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden öň, eseriň gahrymany Anna aganyň  “Akyl-paýhas sandyklarynyň” – türkmen düşünje talantynyň gymmatly hazynasydygyny ýörite bellemek isleýäris.

Başgaça aýdanymyzda, düýnki “akyl sandyklary” diýen durnukly aňlatmanyň ornuna häzirki “kitaphanalar” diýen adalgany goýmak has-da ýerlikli bolar.

Eserde Anna aganyň döwrebap we öňden görüji pähimdar bolandygyny miras galdyran hazynasy bilen hem kesgitlemek bolýar. Onuň sözlemlerindäki her bir düşünje düzümlerinden täze many-mazmun öwüşginlerini görüp bilýäris.

Geliň, türkmen dilindäki mekan (Gökdepe galasy we Garagum çöli) bilen baglanyşykly metaforik öwüşginleri bilelikde gözden geçireliň:

1-nji nusga: Gökdepe galasy hakynda

(6)“Gala gapgarylyp oturmalyň, ata-baba söweş usulyny ýada salalyň”. [ady agzalan eser, 2011:30].

Paýhas dil bilimine görä, “gala gapgarylmak” durnukly aňlatmasy esasynda aşakdaky metoforik düşünjeleri ýüze çykarmak mümkindir:

Gala → gapdyr.

Gapgarylmak → gymyldysyz gyslyşyp galmakdyr.

Anna aganyň bu ýerdäki pikiri başa gyssagly iş düşende aňly-düşünjeli hereket etmek baradaky pikirdir.

Metaforanyň leksik-grammatik häsiýetleriniň birnäçesi işlik söz toparlarynda ýüze çykýar. Işlikler bir hereketden, ýagdaýdan başga bir herekete, ýagdaýa meňzeşlik esasynda göçürilýär” [G.Nepesow. Metafora çeper diliň möhüm serişdesidir. Aşgabat, 1983:91].

Şeýle ýagdaýy ýokardaky tekstde berlen “gapgarylmak” işliginden-de görüp bilýäris.  Aslynda “gapgarylmak” işligi belli bir zat bilen içiniň doldurylmagyna garaşýan “halta, ganar, çuwal, torba…” ýaly gaplar bilen ulanmaklyga endik edendigini bellemek bolar. Bu mysalda şol endik düýbünden başga gaba (gala) geçirilýär.

2-nji nusga: Garagum çöli hakynda

(7)“Galkanymyz Garagum bolsun. Duşman bilen gaça-kowa urşuny edeliň” diýenleriň arasynda Anna serdaram bardy.” [ady agzalan eser, 2011:30].

Garagum → galkandyr. 

Galkan → gaçybatalgadyr.

Gaçybatalga → goraghanadyr.

Garagum → goraghanadyr.

Şeýlelikde, tekstde berilýän düşünje düzümlerine görä, “duşman bilen ediljek söweşde” esasy goranylyp saklanyljak ýer, goraghananyň merkezi Garagumdur diýen netije gelip çykýar.

Ýazga geçirilen pikirlerden eser döreýär.

Anna aga Gökdepe söweşine gatnaşyp, şol söweşiň gözli şaýady bolan adam. Onuň “Akyl sandyklarynda” Gökdepe söweşi barada hem gymmatly maglumatlar bolmaly. Muňa romany okanyňda doly göz ýetirýärsiň. Ynha, onuň bir nusgasy:

(8)“…Anna aga halkyň başyna inen bu bela hakdaky pikirlerini ýazga geçirip, “Akyl sandyklaryna” atdy: “Nesiller netije çykarsynlar. Betbagtçylykdan hem many almaly…”. [ady agzalan eser, 2011:30].

Alnan mysaldaky “pikirlerini ýazga geçirmek” diýen durnukly aňlatma boýunça tymsaly (simwolik) alamatlaryň (harp, söz, hat…) zynjyrlaýyn baglanyşygyny görmek mümkindir:

Harplar → pikirleriň ýüküni daşaýan abzallardyr.

Ýazgylar → pikir ýükleriniň daşaýjy abzallaryň üstünde ýerleşdirilmegidir.

Sözler → pikir ýükleriniň goýulýan galyplarydyr.

Pikir → düşünme bilen baglanyşykly ýüklerdir.

Düşünne ýükleriniň ýazga geçirilen görnüşi → eserdir.

Eser → pikiriň göze görünýän ýüküdir.

Jemläp aýdanymyzda, bu romanda Anna aganyň, Berdimuhamet aganyň pikir önümlerini dürli meseleler boýunça anyk görmek bolýar.

 Düşünjäniň waka görä zamanlaşdyrylmagy

 Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, (9) Anna aganyň “Akyl sandyklaryna” atanlarynyň bir bölegi-de Gökdepe urşy baradaky şahsy garaýyşlarydyr, pikir-düşünjeleridir. Bularyň esasynda Anna aganyň gözli şaýatlyk eden wakalary ýatýar.

Nesiller netije çykarsynlar. Betbagtçylykdan hem many almaly.

Anna aganyň bu pikirleridir düşünje düzümlerini Gökdepe urşy wakasyna görä zamanlaşdyryp göreliň.

ÖTEN ZAMAN Wakadan öňküler Köneler, ata-babalar

HÄZIRKI ZAMAN Waka gatnaşanlarDöwürdeşler, waka döwrüniň ýaşaýjylary, waka şaýatlyk edýänler

GELJEK ZAMAN Wakadan soňkularnesiller, geljekdäki ýaşlar, wakany görmedikler.

Tekste görä “nesiller” sözüniň üstüne ýüklenýän many geljek zamandyr, geljek zamanyň tymsaly geljekdäki ýaşlardyr.

Netije çykarmak → ders almakdyr.

Ders almak → sapak edinmekdir.

Sapak edinmek → okap öwrenmekdir.  

Okap öwrenmek → many almakdyr.

Many almak → netije çykarmakdyr.

Diýmek, Geljek nesiller → geçmişden netije çykaryjy ýaşlardyr.  Şonuň üçin Anna aganyň “Akyl sandyklaryndaky” her bir düşünje geljekki nesil tarapyndan içgin öwrenilmelidir. Bu ýol türkmen düşünjesiniň ata-babalardan bäri dowam edip gelýän ýoludyr.

(Dowamy bar)

Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy;

Gülälek Nurmuhammedowa, Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň türk dili mugallymy

Makalamyzyň beýleki bölümleri

Mugallymlar güni we hepdesi

“Ussat” we “hoja” düşünjesi hakynda gysgajyk maglumat

“Mugallymyň sözi” goşgusyndaky düşünjeler hakynda gysgajyk maglumat

Aman Kekilowyň eserlerinde “mugallym” we “mugallymçylyk” düşünjeleri

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri