Boks sportunda atlary rowaýata öwrülen iki sany beýik, dünýä belli boks türgenleri Maýk Taýson bilen Roý Jones, ring meýdançasyna gaýdyp gelýärler. Muşdaklaryň arasynda bularyň ýaşlary hakda özara pikir alyşýarlar. Emma professional boksda 59 ýaşa çenli islendik türgen gatnaşyp bilýär.
Bu duşuşyk 28-nji noýabrdan 29-njy noýabra geçilýän gijede, ýagny Aşgabat sagady boýunça 07:30-da bolup geçer. Bu tutluşygyny Russiýanyň “Ren-Tw” teleýaýlymyndan tomaşa etmek bolar.
Tutluşygyň geçiriljek ýeri ABŞ-nyň Los-Anjeles ştatynyň “Steýpl-merkezi” arenasynda geçiriler. Golaýda türgenleriň arasynda agram çekiliş dabarasy geçirildi. 54 ýaşly Maýk Taýsonyň agramy 99,8 kg, 51 ýaşly Roý Jonesiň agramy bolsa 95,2 kg barabar boldy. Roý Jonesiň boýy 1.80 sm, Taýsonyň bolsa 1.78 sm.
Duşuşyk resmi statistika girmeýär, ýöne resmi karara gelinse, onda ýeňijini üç sany öňki boksçy saýlar: Kristi Martin (49-7), Winni Patientsa (50-10) we Çed Dawson (36-5). Türgenler ýörite “WBC” kemeri üçin göreşerler. Tutluşyk 8 döwden we her döw 2 minutdan ybarat bolar.
Olaryň soňky geçiren duşuşygy
Roý Jones eýýäm 1 ýyl we 10 aýdan bäri duşuşyk geçirmedi, ýöne soňky duşuşygynda 10 döwüň 10-ny üstünlikli çykyş etdi.
Maýk Taýson bolsa ring meýdançasyna terk edenine 15,5 ýyl bolupdyr. Soňky ýeňşini gazananyna bolsa 17 ýyl 9 aý we 5 gün bolupdyr.
Tutluşygyň pul baýragy
Bu tutluşyk üçin Maýk Taýson 10 million dollar, Roý Jones bolsa 3 million dollar gazanarlar. Iki türgeniň bellemegine görä, bu tutluşykdan gazanylan pul baýraklaryň köpüsi haýyr-sahawata gönükdiriler.
Häzirki wagta çenli boks sportunda gazanan netijeleri
Maýk Taýson: 50 ýeňiş (44 nokaut), 6 gezek ýeňlişe sezewar boldy. Boks sportunyň “WBC” görnüşi boýunça agyr agram derejesi boýunça dünýä çempiony (1986 – 1990, 1996), “WBA” görnüşi boýunça (1987 – 1990, 1996), “IBF” görnüşi boýunça (1987 – 1990) çempiony.
Roý Jones: 66 ýeňiş (47 nokaut), 9 gezek ýeňlişe sezewar boldy. “IBF” görnüşi boýunça (1993 – 1994), “WBC” görnüşi boýunça (1997 – 2004), “WBA” görnüşi boýunça (1998 – 2002) çempion boldy.
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!