TESWIRLER

Mugallymlar güni we hepdesi

Giriş ýerine: “Atavatan Türkmenistan” halkara  žurnalynyň hormatly okyjylary!

 Doganlyk Türkiýe döwletinde 24-30-njy noýabr “Mugallymlar güni we hepdesi” diýlip ýörite bellenilýär. Şonuň üçin biz-de bu dabaraly hepdäniň her bir gününe kiçijik goşant goşmak maksady bilen bu makalanyň bölümçelerini siz bilen paýlaşmaklygy ýerlikli hasapladyk.

Pursatdan peýdalanyp, bu dabaraly günde gysgajyk gutlagy-da ýerlikli hasapladyk.

 Doganlyk Türkiýe döwletiniň hormatly mugallymlary!

Sizi mukaddes hünäriňiziň şatlykly güni bolan Mugallymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Janyňyzyň sag bolmagyny we ömrüňizi aýrylmaz görnüşde badaşdyran işiňizde uly üstünlik gazanmagyňyzy arzuw edýäris.   

Berdi Saryýew,

Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy;

Gülälek Nurmuhammedowa,

Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň türk dili mugallymy

TÜRKMEN EDEBIÝATYNDA “MUGALLYM” DÜŞÜNJESI

Bu makalada türkmenleriň arasynda ulanylýan “MUGALLYM” düşünjesi ilkinji gezek derňew edilýär. Türkmen edebiýatynda bu mesele bilen baglanyşykly ençeme eserler bolup, şol eserlerdäki gürrüňi edilýän meselä degişli düşünjeler içgin öwrenilmäge synanyşylýar. Mundan başga-da pedagogik adalga bolan “mugallym” diýlen sözden öň, türkmenler tarapyndan nähili sözleriň ulanylandygy barada ýörite gözlegler geçirilýär. Olaryň käbir nusgalary türk dili bilen deňeşdirilýär.

Biziň bu baradaky gözlegimiz dowam edýär, gutarnykly bolmadyk maglumatlarymyz esasynda “molla”, “damylla”, “eren”, “pir”, “sopy”, “hoja”, “ussat”, “halypa”, “öwretmen”, “okydyjy” ýaly sözlere aýratyn üns berilýär we bu düşünjeleriň gadymy yzlary yzarlanylýar.

Ata kesbi ogla halal, [ene kesbi gyza]” diýen atalar sözüni hem-de akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň “Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir” diýen setirini gözegçilik esasynda içgin öwrenip, gürrüňi edilýän düşünjäniň gadymy yzlarynyň täze çygryny açyp, mugallym düşünjesiniň türkmenlerdäki ilkinji çeşmelerinden biriniň maşgalanyň esasyny emele getirýän “ata” we “ene” düşünjelerine çenli uzanýandygyny delillendirýär.

Şeýle hem edebi eserlerden mugallyma degişli durnukly aňlatmalaryň köp sanly görnüşleri derňew edilip, olaryň aýratynlyklary düşündirilýär.

1.1.Oba mugallymy diýlen düşünjäniň taryhy hakynda gysgajyk maglumat. Öňi bilen türkmenlerde gadymy döwürlerde resmi bolmadyk “oba mekdebi”, “öý mekdebi”, “meýletin mekdep” diýen düşünjäniň bolandygyny ýörite bellemek gerek.

Türkmen obalaryndaky “öý mekdeplerinde” ýörite sowatly adamlar tarapyndan oba oglanlary okadylypdyr. Elbetde, bu hakynda elimizde resmi maglumatlarymyz ýok. Ýöne muny gadym döwürlerden miras galan sagdyn setirlere salgylanyp, esasladyrmaklyga mümkinçilik tapyp bilýäris.

Bu meseläni ýokary okuw mekdebimiziň adyny göterýän Döwletmämmet Azady bilen baglanyşdyrmaklygy ýerlikli hasaplaýarys. Halk arasyndaky rowaýatlara görä, Azadynyň öz ýaşan döwründe oba oglanlaryny okadandygyny ýörite belleýärler.

Bu düşünjäni Döwletmämmet Azadynyň öz ogly Magtymgulynyň setirlerinden ugur alyp, has anyk görnüşde delillendirmek bolar:

Doga kylsam, jebri-jepam ekserdir,

Ylym öwreden ussat kyblam – pederdir” (Magtymguly)

1.2.Gadymy “öý mugallymlaryndan” häzirki “mekdep mugallymlaryna” çenli geçilen ýol hakynda gysgajyk maglumat

Bilnişi ýaly, her bir türkmeniň öýünde gadymda bolşy ýaly häzir hem iki sany “öý mugallymy” bar. Olaryň ikisi-de hem şol öýüň, hem-de şol öýdäki, şol maşgaladaky ähli çagalaryňam baş mugallymy.

Daşyndan göräýmäge ýönekeýräk ýaly bolup görünýän bu garaýşyň aslyny sallarlap görseň, agyrlygy özüne ýetik bolmaly. Elbetde, bu biziň şahsy garaýşymyz.

Akyldar Magtymgulynyň ýokardaky delillendiriji setirlerinden ugur alyp, şeýle garaýşy öňe sürmek mümkin diýip hasaplaýarys. Bu ýerde bir tarapdan, “öwretmek” / “ylym öwretmek” (şol işlik kökünden alnan “öwretmen” adalgasy) işligi, “ussat” adalgasy “peder” (ata) sözüne sapylýar.

Ikinji bir tarapdan-da, ýokardaky delili türkmenlerde “mugallymy” düşünjesiniň has gadymy yzlarynyň maşgladaky “ata” (ene) düşünjesine çenli uzalýandygynyň anyk görkezgiji hökmünde-de hasaplamak bolar.

Hakykatdan-da, çaga ilkinji tälim-terbiýäni maşgalada alýar. Bu jedelsiz meseledir. Şonuň ýaly-da, çagalar atadan we eneden köp zat öwrenýärler. Munuň yzlaryny “Ata kesbi ogla halal [ene kesbi – gyza]”; “Enesini gör-de, gyzyny al, kenaryny gör-de, bizini” diýen ençeme türkmen atalar sözünden-de görmek mümkindir.

“Mus-mus diýmän, göni Mustapasyny” aýtmaly bolsak, onda “oba mugallymyndan” öň, türkmenlerde “öý mugallymy” bolupdyr.

Gurluşy taýyndan ýönekeý, sada galyby bolan üç harply “ata”, “ene” sözleri tutuşlygyna alnanda, çagalar leksikasynyň esasyny emele getirýäne meňzeýär. Çagalar leksikasynyň düýbi bu iki sözden tutulan ýalydyr. Aslynda bu iki sözüň bar ýerinde terbiýeçilik mekdebiniň gapysy açylana dönýär. Göýä diýersiň, şol gapydan çagalara “Hoş geldiňiz!” diýip, olary mylaýym garşylaýan iki sany hemişelik terbiýeçä meňzeýärler.

Eýsem, türkmenlerde “mugallym” düşünjesi nireden başlanýar? Mugallymy mugallymy edýän eneden başlanýar. Mugallymy mugallymy edýän atadan başlanýar.

1.3.“Ene dili” we “Atalar sözi” hakynda gysgajyk maglumat

Bilşimiz ýaly, tutuş türk dünýäsinde, şol sanda türkmenlerde “dili” ENE bilen, “sözi” ATA bilen badaşdyrmak düşünjesi dogabitdiden gelýän düşünjedir.

Eýsem bu näme diýmek? Gysgaça aýdanymyzda, bu Türkmen topragynda doglan çaga üçin dili-de, sözi-de taýýar diýmekdir.

Ene dili. Bir tarapdan-da, bu esasy dersiň adydyr, özem hakyky dersiň adydyr. Hut hakyky adalgasy şeýle bolmalydyr. Gynansak-da, bu adalga soňradan türkmenleşdirildi, türkleşdirildi, ruslaşdyryldy, gazaklaşdyryldy, özbekleşdirildi, gyrgyzlaşdyryldy. Bularyň hemmesiniň özeninde “ENE” ýatýandygy jedelsizdir. Muny diliň degişliliginiň “ENE” bilen görkezilýändigi (enäniň dili = ene dili) bilenem delillendirip bileris.

Ene dili, grammatikanyň çylşyrymly çelgileri bilen çoçgara çolaşdyryljak dil däldir. Başgaça aýdylanda, ähli bilimleriň başlangyjy ene dile esaslanýandyr. Ene dili dünýägaraýşy öwredýän düýpli we dowamat dildir.

Dili mekdebe çenli eneden öwrenýäris. Ýakymly sesi bilen hüwdülär. Hüwdüsi bilenem heňňam öwreder. Hüwdi heňňamynyň düwünçegini çözseň, onuň sallançakdan durmuşa çagyryşyny anyk öwrenip bolar. Eýsem, maşgaladaky resmi bolmadyk ilkinji mugallymyň biri enedir diýsek gaty ýalňyşaýarmykak?!

Çakym çak bolsa, biz bu meselede ýalňyşmarys. Gaýtam, onuň uly mertebesini ýene bir gezek beýgelderis, jogapkärçiligini-de has güýçlendireris.

Atalar sözi. Aslynda bu-da bir dersdir. Munuň mugallymy-da adyndan anyklanyp bilner. Özem ýeňil bolmadyk durmuşyň agyr synaglaryndan geçen ýol görkeziji dersdir.  Gynansak-da, wagtyň geçmegi bilen bu derse berilýän üns azalypdyr. Has dogrusy, aýratyn ders gysgaldyp, dersiň bir bölümi görnüşine getirilipdir.

Bilnişi ýaly, gadymy döwürlerde häzirki ýokary okuw mekdeplerimiz ýokdy. Ýörite bilim alyp, ellerinde diplomy bolan mugallymlarymyz-da, her ugurda ýetişen tejribeli hünärmenlerimiz-de ýokdy.

Ýöne düşünjeli halk bardy, halkyň özüne mahsus medeniyeti bardy, halkyň degişli däp-dessury bardy, halkyň pähim-paýhasly eserleri bardy, mugallymy ENE bolan halkyň ene dili bardy, mugallymy ATA bolan halkyň ata sözi bardy.

Türkmenlerdäki ene-ata düşünjesiniň geçmişde köp sanly nusgalary bolupdyr. Şolardan biri-de ene-atany razy etmegiň beýanyndaky kyrk sany borçdur. Gürrüňi edilýän bu borçlara türkmen nusgawy edebiýatynyň wekili Döwletmämmet Azadynyň öz döwründe ýazan wagyzlaryndan “Fi beýan-e ryza-ýe wali-deýn” diýen bölüminde ýer berlipdir. Gürrüňi edilýän bölüm aşakdaky ýaly setirler bilen başlanýar.

Gel, ata birle eneňni kyl ryza,

Razy bolgaý, şübhesiz, senden huda” [Azady, WA, Aşgabat, 1982:122]

(Dowamy bar)

Berdi Saryýew,

Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy;

Gülälek Nurmuhammedowa,

Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň türk dili mugallymy

Ýene-de okaň

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady

Hasaply dost uzaga gider

Ata Watan Eserleri

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Ata Watan Eserleri