DÜNÝÄ

Türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 8-nji mejlisi geçiriler. Onlaýn duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, nebitgaz, senagat ulgamlarynda hem-de maglumat tehnologiýalary, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundna beýläk-de ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylar. Bular barada hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty ýygnap, Aziýa-Ýuwaş sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýdyp, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, işewür hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen belldi. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynda işleýän koreý kompaniýalarynyň üstünlikli işi bu hyzmatdaşlykda möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz ýurdumyzda işleýän koreý kompaniýalarynyň alyp barýan işlerine zerur bolan goldawyň beriljekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy