TEHNOLOGIÝA

Täsin “mini” kompýuter

Kiçi göwrümli kompýuterleri öndürýän “Paspberry Pi” şereketi tarapyndan “Raspberry Pi 400” atly täsin kompýute-ri işlenilip düzüldi.             Bu kompýuteriň beýleki-lerden esasy aýratynlygy diňe bir sany klawia-turadan ybarat bolmagy-dyr. Ýagny, kompýuter klawiaturanyň içine sygdyrylypdyr. Enjama kompýuteriň ähli baglanyşyk portlary ýerleşdirilip, ony monitora birikdirenden soňra kompýuter hökmünde ulanyp bolýar. “Broadcom BCM2711” mikroprosessor oturdylan kompýuter 4 GB RAM bilen üpjün edilipdir. Wi-Fi, “Bluetooth 5.1”, “Ethernet” ýaly baglanyşyklary bolan enjamda HDMI girişi hem ýerleşdirilipdir. Enjamyň ýadynyň göwrümini “microSD” arkaly giňeldip bolýar.

 

Humaý ÇARYÝEWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi