ATAWATAN ESERLERİ

Bizde…

Biziñ maşgalamyzda alty adam ýaşaýar. Kakam, ejem, üç sany gyz doganym we men. Dogry pikirlendiñiz… men bir näçe wagt garaşylyp hem arzuw edilip, üç gyzdan soñ dünýä gelen oglan. Beýle diýsem, “Bula bir lälik ösen ýetginjek ekeni” diýip hasap etmäñ. Men lälik däl. Dogry, çagalygym maşgala agzalarymyzyñ juda uly söýgüsi bilen geçipdi. Ýöne çagalykdan saýlandygymça, ýa-ha meniñ dünýä garaýşym özgerdi, ýa-da maşgalamyzyñ gazanç çeşmesine meniñem goşant goşmalydygyma añym has berk düşündi. Garaz, durmuş akabasyna siñdim. Obada ýaşaýandygymyz sebäpli, özümizde ýok bolsa-da, daýhanlaryñ meýdan işlerine gatnadym. Ekilen pagtalaryñ arasyndaky otlaryny aýyrdym. Ýekeledim. Ýetişen pagtalary ýygdym. Ir salkyn meýdanda işläp gelip, eden işjagazymyñ hak bahasyny ejeme berenimde onuñ begenişini bir görseñiz siz… Şol begençli ýüz bilen meniñ ähli ýadawlugym aýrylýar. Mekdebe gidenimde-de ruhum belent. Keýpli. Synpdaş deñ-duşlarymdan aýratynlykda-da ýanym mydama sowalga pully. Çünki ejem meniñ gazanyp gelen pulumyñ belli bir bölegini özüme “sowalga” diýip berýär. Alýan, ýöne sowunamok. Üýşürinýän. Hat-da şu wagtky ulanyp ýören el telefonymy hem öz sowalga pullarymy üýşürinip alyndym. Gymmat ýa ähli taraplaýyn güýçli däldigine garamazdan, men bu telefonymy juda gowy görýärin. Käte onuñ içki ýadynyñ ujypsyzdygyna we doñup işlemesine gaharymam gelýär… emma, mundan aýrylyp bilemok. Halalja, öz güýjüm bilen alnan ilkinjije telefonymda…

***

Kakam obamyzyñ tehnika üpjünçilik merkezinde traktorist bolup zähmet çekýär. Öz ugrundan alanyñda ol, “öz işiniñ ussady”. Traktorynyñ islendik ýeri näsazlyk tapsa, onuñ özi ussaçylygam ediberýär. El hamlarynyñ ýüzüne we dyrnak düýplerine ýagyñ “gara” reñkleri ornaşan kakam, biraz gaharjañ.  Bälçiksiräp söz gatsañ, kän bir degişme götermeýär. Imi-sala gürrüñ edip oturarada “wagt ýok” diýen ýaly. Sowuklaç.  Ähtimal uzakly gün traktoryñ üstünde “leñk-leñk” edip ýadaýanyndandyr. Gijäniñ bir wagty öýe gelip, naharyny iýip ýetişse, uklamak bilen bolýar.

Ýadymda, mundan iki-üç ýyl ozal, şu telefony alynaýan wagtlarymdy. “Imo” messenjerinde goýlan “taryh ýazgy” suraty okap ýüregim jigledi. Suratda, kaka mährini hem ünsüni kûýseýän oglanjygyñ pul üýşürnip  kakasyna bir iş gününiñ puluny berip, onuñ şol günüñ her bir pursatyny özi bilen geçirmegini haýyş edýän sözleri ýazylgydy. “Men ýeke däl ekenim” diýip goýupdym.

****

Meniñ ejem çörek bişirýär. Onda-da “nähili çörekler” diýiñ! Ýasama hamyr maýasyz, hakyky gowaça çöpüniñ oduna gyzan tamdyra ýapyp, edil “gün” ýaly owadan bolup bişýän çörekleri bişirýär. Ejem goñşy-golamlaryñ hem obadaşlarymyzyñ hem çöreklerini bişirip berýär. (Ol şeýdip gazanç edýär)Ýañy tamdyrdan çykan çörekleriñ ysy dagy barada näçe aýtsañ aýdyp oturmaly. Ýöne bu ýerde gürrüñ ejemiñ bişirýän çörekleri barada däl-de ejemiñ özi barada.

Ejem garraýar. Elli ýaşy arka atan ejemiñ gitdigiçe garrap barmagy meni juda gynandyrýar. Meniñ ejem iñ gowy eje. Meniñ ejem iñ mähirli eje. Meniñ ejem iñ owadan eje. Meniñ ejem ýaly taýsyz eje başga hiç kimde ýok. Men muña ynanýan. Ejemiñ taýsyzdygyny hatda çörek bişirtmäge gelýän adamlaram aýdýar. Onsañ men nädip oña ynanmaýyn?!

Erkek oglanyñ köplenç ýagdaýda “kakaçyl” bolanyny kem görülmeýär. Ýöne men ejemi kakamdanam has gowy görýän.

Bir gezek, dogum wagty gölesini juda kynlyk bilen dünýä getiren garryja sygrymyz öldi. Halallap hem ýetişilmedi. Yzynda doglanyna ikije gün bolan gölejigi galdy. Şonda şol gölejigiñ jansyz ýatan enesiniñ ýanyna baryp inçejik ses bilen “molaýşy” henizem göz öñümden gidenok. Haýwan-u-ynsan enesinden aýrylsa aýylganç ýatlama kalba doljak ekeni. Şol gün “ejem ölse men näderin” diýip pikirlenipdim. Ejemiñ ölmezligini Hudaýdan diläpdim. Gije bolsa aglapdym. On alty ýaşan oglan bolup aglap ýörmek gelşiksizem bolsa, men ejesiz galmaklykdan gorkupdym.

***

Ine kiçijek tanyşlyk hem ýatlama. Bu tanyşlykda näme bar?! Okyýjylara bolan ynam bar. Bu ýatlamalarda näme bar?! Sadaja dünýämiñ maşgala agzalarymyza bolan söýgüsi bar.

Kakam bizi söýýär. Ol bizi hiç bir zada zar etmejek bolup uzak gün traktoryny sürüp işleýär. Ejem elli ýaşdan geçendigine garamazdan, çörek bişirip maşgalamyza gerek-ýarak bolýan ownuk-uşak zatlaryñ ählisini bitirip otyr. Doganlarym tikin-çatyn edýärler. Biziñ maşgalamyzda sylag-hormat bar. Düşünişmek we “bolany bilen bazar eýlemek” bar. Bu bolsa maşgala agzybirligini hem söýgüni kemala getirýän iñ uly güýç.

Men bolsa… men-dä. Men maşgala agzalarymyzyñ ählisini söýýän.

 

 

Dawut Myradow,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň

Bereket obasynyň 11-nji synp okuwçysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri