Hytaý döwletiniň Çžesýan obasynda ýaşaýan 29 ýaşly Lýu atly oglanyň duşuşygy şowsuz tamamlandy. Ejesi oglunyň henizem özüne gyz dost tapyp bilmeýändigi üçin ogly bilen bir gyzyň arasynda duşuşyk gurnaýar. Ejesiniň teklipleri bilen razylaşan Lýu, näbelli bir gyz bilen restorana nahara gidýär we “jentelmenlik” hökmünde restoranyň tölegini öz üstüne alýar. Emma bu duşuşykda geň waka bolup geçýär.
Bu duşuşyga gyz ýeke özi gelmeýär. Ol hem tanyşmak isleýän oglanyň jomartlygyny, sahylygyny barlap görmek isleýär. Şol sebäpli bu duşuşyga özüniň doganlary we dostlary bilen 23 adam bolup gelýär.
Gyzyň köp adamly gelmegi oglany geň galdyrýar. Gyz we onun ýakyn dost-ýarlary restoranyň tagamnamasyndan iň gymmat naharlary saýlap sargyt edýärler. Oglan göz öňünde bolup geçýän wakalardan derrew netije çykaryp, haýal etmän restorany gizlinçe terk etmegi ýüregine würýär we şeýle hem edýär.
Netijede, gyzyň restoranda sargyt edilen tagamlaryň tölegini özi etmeli bolýar. Bu töleg 3 müň dollara barabar bolar. Bu bolan waka barada “Taizhou Evening News” ýerli metbugaty habar berýär. Oňa salgylanyp, bu habary “Daily Mail” neşiri hem okyjylaryna ýetirýär.
Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!