SPORT

“Tokio-2020”: Olimpiýa alawynyň ýörişiniň senesi mälim boldy

‘Tokio-2020” Olimpiýa alawynyň ýörişi 2021-nji ýylyň 25-nji mart güni Fukusima prefekturasyndaky “J-Village” Milli sport merkezinden başlanar. Şondan soň Olimpiýa alawy Ýaponiýanyň 47 prefekturasyny 121 günüň dowamynda aýlanyp çykar.

2021-nji ýylda Ýaponiýanyň günorta böleginde bolup geçen ýertitremäniň üstünden 10 ýylyň geçmegi bilen bu ýöriş tebigy heläkçilikden iň köp zyýan çeken sebitlerde dikeldiş işleriniň gidişiniň görkezmesine gönükdiriler.

Olimpiýa alawy 9-njy iýulda Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna golaý Tokia getiriler. COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy sebäpli  gijikdirilen “Tokio-2020” Olimpiýa oýunlaryny ykjamlaşdyryş çäreleriniň çäklerinde alawy alyp geçmek we bu bilen baglanyşykly dabaralar gysgaldyryldy. Häzirki wagtda bu dabarada 10 müň sany adamyň alawly ýörişe gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary 2020-nji ýylyň tomsunda geçirilmelidi. COVID-19 pandemiýasy sebäpli oýunlaryň geçiriliş seneleri yza süýşürilipdi. Muňa garamazdan, Olimpiýa oýunlarynyň “2020” ýazgysy şol ýagdaýynda galdyrylypdy. Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan bellenilen Tokio Olimpiýa oýunlary – 2021-nji ýylyň 23-nji iýuly we 8-nji awgusty aralygynda geçiriler.

Guraýjylaryň pikirine görä, bu taryhdaky iň innowasion Olimpiýa oýunlary bolar. Sportuň 33 görnüşi boýunça 339 medal üçin ýaryşlar guralar. Oýunlara sportuň ýene-de 5 sany täze görnüşi goşuldy. Olar: beýsbol, softbol; karate, sýorfing, sport daşlaryna çykmak, skeýtbording görnüşleridir.

 

 

Toýly Muhammetdurdyýew,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby,

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Dünýädäki iň garry futbolçy täze kluba geçdi

Messi “Inter Maýamide” galmak isleýär

Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly samboçy gyzlar dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmen türgenleri 10 aýda 538 medal gazandy

FIFA-nyň ýolbaşçysy Guwançmuhammet Öwekowy gutlady