ATAWATAN ESERLERİ

Seni ilkinji söýen adam kim?

Söýgi… Bu jümle biziň durmuşymyzyň manysy. Söýgi- bu biziň durmuşymyzyň esasy özeni, aýrylmaz bölegidir. Çünki söýülmeýän adam özüni ýalňyz duýýar. Hiç bir zada höwesi bolmaýar. Eýsem bizi ýaşadýan, biziň ýylgyrmagymyza, ähli kynçylyklardan baş alyp çykmagymyza, durmuşymyzyň manysyny tapmagymyza itergi berýän duýgy nämekä?

Megerem, bu duýgularyň iň beýgi bolan söýgi bolsa gerek. Biz özümiziň gündelik durmuşymyzda söýgi diýen jümlä yzygiderli duş gelýäris. Ähli janly-jandarlarda söýgi atly beýik duýgy bar bolsa gerek.Tebigatyň şasy bolan ynsany hem ýaşadýan söýgidir. Meselem her bir ynsanyň öz ata Watanyna, ene-atasyna, söýgüli ýaryna, kärine, tebigata, çagalaryna, kitaba, mugallymyna  ýa-da islendik eý görýän zadyna bolan söýgüsi bardyr.

Durmuşda gazanylýan ähli üstünlikleriň başy söýgi we ynam bilen gazanylýar. Haçan-da seniň söýýän adamlaryň ýakynyňda, ýanyňda bolan wagty haýsydyr bir güýç saňa kömek edýän ýaly bolýar. Meselem: kiçijek bir çaganyň mekdepde ilkinji goşgusyny aýtjak bolanynda hossarlary ýanynda bolan wagty, oglanjygyň oýnuň ykbalyny kesgitleýji pökgini tora salmaly wagty ýanynda dostlarynyň bolmagy, ýa-da islendik adamyň ýaryşdan öň söýgüli ýarynyň onuň ýanynda bolup goldaw bermegi. Diýmek, söýgi göze-görünmeýän,arassa,päk,islendik işde bize güýç berýän duýgy hasap edilýär. Her bir adamyň durmuşynda ýokary derejede durýan söýgileriň biri hem ene-ata bolan söýgidir.Belki bu söýgi çäksizdir. Her bir ene-ata öz çagasynyň sagdyn bolmagy, bilim almagy, bagtly bolmagy,kämil adam bolup ýetişmegi üçin gije-gündiz alada edýär.

Ene-atanyň söýgüsi-bizden garşylygynda hiç bir zady talap etmeýän söýgüdir. Ene-atanyň söýgüsi-seniň bagtly bolup, ýüzüň gülmegi üçin elde baryny edýän söýgüdir. Ene –atanyň söýgüsi –hiç wagt tükenmeýän söýgüdir. Meselem: ,,Sen doglanda seni ilkinji söýen adam kim?’’ diýip sorag berip gördüňizmi. Belki-de bu soragy beren bardyr, belki-de ýokdur…

Megerem bizi ilkinji söýen adamlar biziň ejemiz we kakamyzdyr. Biziň dünýä gelmegimiz üçin ilkinji begenç gözýaşlaryny döken ejemiz we kakamyzdyr. Belki-de biziň şu wagt tapawudy ýok çagalar bagy, mekdep, ýokary okuw mekdebinde okaýandygymyz ýa-da islendik bir edarada zähmet çekýändigimiz üçin ilkinjileriň hatarynda ene-atamyz bize buýsanyp,bizi öz söýgüleri bilen güýçlendirýärler. Durmuşda her birimiziň esasy arzuwymyz dogry, arassa-päk we hakyky söýgüni tapmakdyr. Eger-de durmuşda gözlenilmän tapylýan söýgi bar bolsa ol hem ene-ata söýgüsidir. Durmuşda bu iki beýik ynsan sen aglan wagtyň aglar, ynjan wagtyň ynjar, gülen wagtyň bolsa çyn ýürekden güler. Bu iki ynsan söýgüni döredijilerdir.

Eger-de biz öz-özümize sorag bersek: ,,Men  özümiň ilkinji üstünligimi, şatlygymy, begenjimi ilkinji kim bilen paýlaşdym? Ýa-da: ,,Men özümiň ilkinji gynanjymy, ýeňlişimi kim bilen paýlaşdym’’ ýaly soraglary berip göreliň. Elbetde biziň ilkinji üstünligimize el çarpan, begenjimize begenen, gynanjymyza gynanan, ýeňilenimizde ýeňmegimiz üçin bize ruhy goldaw beren ene-atamyz bolsa gerek.

Ene-atanyň çagasyna berýän mährini, söýgüsini hiç bir zat bermese gerek.

Ene-ata söýgüsi-unudylmaýan söýgüdir.

Ene-ata söýgüsi-yzyndan ýetip bolmajak söýgüdir.

Ene-ata söýgüsi-soňlanmaýan söýgüdir.

Ene-ata söýgüsi-bahasyna ýetip bolmaýan söýgüdir.

Eger-de bizi şol derejede söýen adamlar bar bolsa diýmek biz iň bagtly ynsanlar.

Biziň her birimiz şol ynsanlaryň gadyr-gymmatyny, hormatyny saklap olaryň söýgüsi ýaly söýgini bermek ugrunda elde baryny etmeli we bu biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Islendik janly-jandarlara syn edenimizde çagalary we ene-atalarynyň arasynda söz bilen düşündirip bolmaýan, beýik söýgüni göreris.

Diýmek, bu dünýäde islendik zadyň: ynsanyň, janly tebigatyň, ählisiniň söýgüsi bar. Diýmek, söýgi bizi ýaşadýan, durmuşyň güllemegi, ösmegi, öwüşgin atmagy üçin iň zerur duýgy.

Söýgi bilen ähli zat gözel, ähli zat owadan, ähli zat ebedi.

Goý ,biziň ýaşamagymyza bagtly bolmagymyza, ýüzümiziň gülmegine sebäp bolýan söýgi ebedi ýaşasyn!

Goý, her bir ene-atanyň perzendine, perzentleriň bolsa ene-atasyna bolan söýgüsi çäksiz bolsun!

 

Oguldursun UGURLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby.

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri