DÜNÝÄ

Iň pes aýlyk hakyny girizmek teklip edildi

Täze görnüşli koronawirus pandemiýasy sebäpli Ýewropa Bileleşiginiň düzümine görýän ýurtlaryň jemi içerki önümindäki pese gaçyş şu ýylyň ikinji çärýeginde 12 göterime deň boldy. Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa parlamentinde Ýewropa Bileleşiginiň ýagdaýy barada beren beýanatynda bu barada belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, ykdysady çökgünlik Ýewropa Bileleşiginde iň pes aýlyk hakyny girizmegiň zerurdygyny görkezdi, sebäbi jemgyýetiň köp ýaşaýjysynyň ýeterlik eklenç serişdesiniň ýokdugy bellenildi.

– Ýewropa Komissiýasy agza döwletleri goldamak üçin iň pes aýlyk hakyny kesgitlemek boýunça teklipleri hödürlär. Ähli raýatlar iň pes aýlyk hakyny alma mümkinçiligine eýe bolmalydyr – diýip, Ursula fon der Lýaýen belledi.

Ursula fon der Lýaýeniň aýtmagyna görä, ýakyn wagda ÝB-niň düzümindäki 16 ýurt “SURE” maksatnamasynyň çäklerinde iş orunlary bilen üpjün etmek maksady bilen 90 milliard ýewro möçberinde maliýe kömegini alarlar. “SURE” maksatnamasy Ýewropa Komissiýasy tarapyndan koronawirus pandemiýasy döwründe döredildi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Indoneziýadaky suw joşgunlarynyň ýetiren zyýan $4 mlrddan geçip biler

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşigi wiza düzgünini ýeňilleşdirer

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy