BIZNES

100 müň adamy işe alar

Amazon kompaniýasy satuwlaryň köpelmegi paýnamalaryň artmagy netijesinde ABŞ-da we Kanadada 100 müň adamyny işe alar. Epidemiýa döwründe öýlerinde bolan adamlar onlaýn söwda saýtlaryna uly gyzyklanma bildirdiler. Şolaryň arasynda ilkinji bolup durýan Amazon kompaniýasynyň girdejileri barha artdy. Aprel we maý aýlarynda 175 müň adamy işe alan Amazon, koronawirus döwründe satuwy işleri artandan soň ABŞ-da we Kanadada ýene 100 müň adam işe aljakdygyny mälim etdi.

Kompaniýanyň beren beýanynda işe alynjaklaryň gaplamak, ýük we sargyt yzarlamak ýaly amaly bölümlerde işe alynjakdygy mälim edildi. Şeýlede täze kabul edilen 100 müň adamyň doly däl we doly iş güni bilen işlejekdigi nygtaldy.

Epidemiýa döwründe onlaýn söwda, şol sanda azyk önümlerini satyn almak bilen gyzyklanmanyň artmagy bilen, kompaniýanyň girdejileriniň aprel we iýun aýlarynda ep-esli artandygy bellendi.

1000 dollar bonus teklibi

Amazonyň ammarlaryna gözegçilik edýän Alisia Boler Dewis ABŞ-nyň Detroýt, Nýu-Ýork, Filadelfiýa, Luizwil we Kentukki ýaly işçi tapmak kyn bolan käbir şäherlerinde kompaniýanyň 1000 dollarlyk başlangyç bonusyny hödürleýändigi baradaky maglumatlary paýlaşdy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär