JEMGYÝET

Türkmenistan owganara gepleşiklerine gatnaşdy

Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda owganara gepleşikleri başlandy.

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen, Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy durmuşa geçirmek boýunça hereketleri goldaýandygyny belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň ýüze çykýan meseleleriň diňe diplomatiki we syýasy gurallar arkaly çözülmeginiň hemişe tarapdarydygyny nygtady we özüniň syýasy giňişliginde gepleşikleri geçirmek arkaly ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady.

OWGANYSTANYŇ YKDYSADY ÖSÜŞINE GOŞANT

Şeýle hem dürli ugurlardaky, hususan-da enegetika, ulag, aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda iri infrastruktura taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly Owganystanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň ähmiýeti babatynda bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň TAPI we TAP taslamalaryna gatnaşmagy bilen demirýol gatnawlarynyň ösdürilmegine goşandy, şeýle-de bu ýurda ynsanperwer kömeginiň möhüm orny barada nygtaldy.

Mundan başga-da, duşuşykda sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň beýleki hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklary berkitmäge taýýardygy barada bellenilip geçildi.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy