SPORT

Abidal wezipesinden boşadyldy

Ispaniýanyň “Barselona” topary  Erik Abidalyň sport direktory wezipesinden boşadylandygyny habar berdi. Taraplar özara ylalaşygy bilen möhletinden öň şertnamany ýatyrmak kararyna geldiler. Çempionlar ligasynyň ¼  finalynda “Bawariýa” toparyndan (2-8) hasaby bilen ýeňlişe sezewar bolan Kataloniýa topary, esasy toparda üýtgeşme girizip başlady. “Barselona” golaýda baş tälimçi Kike Setýeniň tälimçilik wezipesinde boşadylandygyny hem habar berdi.

2007/08 möwsüminden bäri “Barselona” topary ilkinji gezek kuboksyz galdylar. Abidal 2018-nji ýyldan bäri “Barselonanyň” sport direktory wezipesinde işläp gelýär. Ol bu toparda futbol oýnap, topary köp sanly kuboklar gazanmagyna mynasyp goşant goşan türgendir.

Related posts

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Mbappe “Real Madrid” toparynyň futbolçysy boldy

Er-Riýadda boks gijesi: rus boksçylaryň çempionlyk tutluşygy

Ata Watan Eserleri