Türkmen-german hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Bergeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin düzümine seredip, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler. Dürli ugurlara gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge isleg bildirip, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary halkara giňişliginde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak däplerini dowam etmek maksady bilen tagallalary ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynda netijeli görkezijileri gazanmakda uly mümkinçilikleri döredýän iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlaryň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň zerurlygy aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we dünýäde onuň ýaýramagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Related posts

Hadise we Murat Bozuň konsertiniň peteklerini satyn almagyň tertibi

Hadise we Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Putin geljek hepdede Türkmenistanda GDA-nyň sammitine gatnaşar

Ispaniýanyň milli ýygyndysy 41 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär

ADNOC-yň XRG kompaniýasy we Türkmenistan: Hazar sebitindäki hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Türkmenistanyň wekiliýeti adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy

Messi hoşlaşyk duşuşygyny geçirer

Türkmen agyr atletikaçysy Aziýa oýunlarynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistan Germaniýa bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär

Türkmenistanda ýylyň ahyryna çenli ahalteke bedewleri boýunça bäsleşikler geçiriler

Türkmenistan 9 aýda 187 halkara resminamalar baglaşdy

Türkmen ýaşlary halkara bilim bäsleşiklerinde 1040 medal gazandylar

“Sport” teleýaýlymynda “Bedew” atly täze gepleşik taýýarlanyp başlandy

Türkmenistanda 9 aýda 18 sergi we 10 maslahat geçirildi

Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Türkmenistanyň Mejlisi 9 aýda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-sini kabul etdi

Türkmenistan bilen Hytaý demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Gyrgyzystanyň ilkinji milli emeli hemrasy orbita çykaryldy

Türkmenistanda 1-nji oktýabrdan elektron wiza ulgamy işe girizildi