SPORT

Habib soňky tutluşygyny kim bilen geçirer?

Habib Nurmagomedow karýerasyndaky soňky tutluşygyny kanadaly Jorj Sen-Pýer bilen geçirmegi mümkin. Bu barada UFC-niň dolandyryjysy Deýna Uaýt «Twitterdäki» şahsy hasabynda ýazdy.

«Konor jogap tutluşygynyň geçirilmegini isleýär. Hatda ol muny Habib bilen soňky tutluşygyň geçirilen gününden bäri isläp gelýär. Ýöne bu tutluşygyň bolup bilmek ähtimallygy örän pes. Ýöne Nurmagomedow soňky tutluşygyny Sen-Pýer bilen geçirip biler. Habib ähli tutluşyklarda meni haýran galdyrdy. Şonuň üçin hem men ähli zady onuň öz islegine goýýaryn. Ol näme diýse, ýok diýmerin».

Habib Nurmagomedowyň şu ýylyň oktýabr aýynda BAE-de amerikaly Jastin Getži bilen tutluşmagy mümkin. Sen-Pýer bolsa 2019-njy ýylda karýerasyny tamamlapdy. Ýöne Habib tutluşyga çagyrýan bolsa, onuň ýaryşa gaýdyp gelmegi mümkin. Sen-Pýeriň häzir 39 ýaşyndadygyny hem ýatladýarys.    

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy