SPORT

“Mançester Siti” indiki möwsümde oýnar

“UEFA” dolandyryş guramasy fewral aýynda “Mançester Siti” klubynyň ygtyýarnamasyny we maliýe adalatly oýun düzgünlerini “çynlakaý” bozandygy sebäpli topar ýaryşlara gatnaşmak gadagan edilipdi. Emma muňa garamazdan, “Mançester Siti” toparynyň Çempionlar ligasynyň gadaganlygy ýatyryldy. Bu şatlykly habar klub üçin “möhüm ýeňiş” hökmünde häsiýetlendirildi.

Klubyň gadaganlygy ýatyrylsa-da, derňewçiler bilen hyzmatdaşlyk etmänligi üçin 8,9 million ýewro jerime tölemeli bolar. “Skynews” habar gullugynyň habarçysy Tom Parmenter aýtmagyna görä, toparyň jerime tölemeli bolandygyna garamazdan, “Mançester Siti” üçin “möhüm ýeňiş” bolandygyny aýtdy. Indi topar “Çempionlar ligasynyň” indiki täze möwsümine gatnaşmaga hukuk gazandy.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy