MEDENIÝET

Parižde ýüzýän kinoteatr

Fransiýanyň paýtagty Parižde koronawirus epidemiýasy sebäpli belli bir aralygy goramak maksady bilen awtoulaglarda kino tomaşa etmäge mümkinçilikler döredildi. Awtoulagly kinoteatr, awtoulaglar bilen konsert we Fransiýanyň paýtagty Parižiň köçelerinde “ýüzýän kinoteatr” döwri başlaýar.

18-nji iýulda başlajak çäräniň çäginde film bilen gyzyklanýanlar elektrik gaýyklarynda otyrka, kino tomaşa etmekden lezzet alyp bilerler. Bu çärä tomusda Parižde wagtlaýyn plýažlary döretmek maksady bilen amala aşyrylan “Paris Plages” taslamasyna bagyşlanypdyr.

“Paris-Plages” – bu şäheriň meýilnamasy, ol 2007-nji ýyldan bäri her tomus şäheriň merkezinden derýanyň kenary boýunça wagtlaýyn döredilen emeli kenar meýilnamasydyr.

Ilkinji ýüzýän kino çäresinde her biri alty adama niýetlenen 38 sany elektrikli gäminiň mümkinçiliklerinden peýdalanylar. Kenardan film görmek isleýänler üçin derýanyň kenarynda oturgyçlar goýlar.

Ýene-de okaň

«Mukam» skripkaçylar toparynyň Hytaýdaky üstünligi

Türkmenistan Koreýa Respublikasynda halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň teatr işgärleri Russiýada tejribe alyş okuw hepdeligine gatnaşdy

Türkmenistanly ýaş şahyrlar TÜRKSOÝ-yň baýragyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy üçin täze tehnikalar satyn alnar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri