TEHNOLOGIÝA

Internetiň iň arzan we gymmat ýurtlary

Ykjam telefonlar we beýleki elektron enjamlar arkaly internet ulgamyna birikmek üçin niýetlenilen mobil internetiň iň arzan we gymmat ýurtlarynyň sanawy düzüldi. “www.cable.co.uk” web sahypasy bir gigabaýt (GB) üçin tölenýän nyrhlar esasynda bu sanawy taýýarlady.

Mobil internetiň iň arzan 5 ýurdunyň sanawy şeýleräk:

Hindistan – 0,09 dollar.

Ysraýyll – 0,11 dollar.

Gyrgyzystan – 0,21 dollar.

İtaliýa – 0,43 dollar.

Ukraina – 0,46 dollar.

Mobil internetiň iň gymmat 5 ýurdy:

Malawi – 27,41 dollar .

Benin – 24,22 dollar .

Çad – 23,33 dollar .

Ýemen – 15,98 dollar

Botswana – 13,87 dollar.

Türkiýe bolsa GB üçin 0,72 dollar töleg nyrhy bilen iň  arzan mobil internet sanawynda  20-nji orunda durýar.

Related posts

«Space X» bütin dünýä simsiz Internet wada berýär

“Samsung Galaxy S25”: emeli aň, 7 ýyllyk programma üpjünçiligi goldawy we kämilleşdirilen kameralar

Iň uzyn as­ma köp­ri

Ata Watan Eserleri