JEMGYÝET

“Altyn köl” – döwrebap dynç alyş zolagy

Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy.

Gysga wagtyň içinde Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän ajaýyp kölüň keşbi tanalmaz derejede özgerdi we täze görnüşe eýe boldy. Bu ýerde paýtagtymyzyň ilaty we onuň myhmanlary üçin boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmäge niýetlenen oňyn mümkinçilikler emele geldi.

Kölüň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlap, hormatly Prezidentimiz ýörite taýýarlanan münbere geçdi. Bu ýere hökümet agzalary we ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri ýygnandylar. Şeýle hem bu ýerde täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanan taslamalar goýuldy. Aşgabat şäher häkimligi, senagat-gurluşyk toplumy we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan hödürlenen meýilnamalaýyn çözgütleriň, binagärlik teklipleriniň birnäçesi hödürlenýär.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri täze dynç alyş zolagynyň açylmagy bilen gutlady we bu köli «Altyn köl» diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdi mälim etdi.

DYNÇ ALYŞ ZOLAGYNDA IRI TASLAMALAR AMALA AŞYRYLAR

Soňra hormatly Prezidentimiz hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe söz berdi. Wise-premýer milli Liderimize kölüň ýakasynda Aşgabat şäher häkimligine, senagat-gurluşyk toplumyna, nebitgaz toplumyna hem-de hukuk goraýjy edaralara desgalary gurmak üçin ýer bölekleriniň berlendigi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça taýýarlanylan taslamalaryň hatarynda dolandyryş binalarynyň, kottejleriň, çaýhanalaryň, söwda merkezleriniň, ýaht klubunyň, myhmanhanalaryň, fitnes zallarynyň we ýapyk görnüşli howuzlaryň, restoranlaryň, çagalar üçin oýun meýdançalarynyň, sport meýdançalarynyň, açyk awtoduralgalaryň, akwaparklaryň, medeni çäre geçirilýän ýerleriň, welosipedleriň kärendesine berilýän nokadynyň we ulag sürülýän ýodanyň, seýilgähleriň, saglyk öýüniň, kenarýaka gaýyk duralgasynyň, söwda nokatlarynyň birnäçe görnüşleri bar.

Häzirki wagtda çagalar üçin sport meýdançalarynyň, dynç alyş otaglarynyň saglyk we gözegçilik nokatlarynyň, azyk hem-de beýleki dükanlaryň, işgärler üçin ýaşaýyş otaglarynyň, «Tiz lukmançylyk kömegi» ulagy hem-de dürli görnüşli awtoulaglar üçin awtoduralganyň we kömekçi desgalaryň ýene birnäçesiniň gurluşyk işleri doly tamamlandy.

Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe taýýarlanan taslamalaryň esasynda kenarýakanyň ähli gurluşyklarynyň hem-de onuň desgalarynyň şekilini taýýarlamagy tabşyrdy. Olara sentýabr aýynda seretmek göz öňünde tutulýar we taslamalar tassyklanan ýagdaýynda, dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de giňeltmek hakyndaky degişli çözgüt kabul ediler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler