DÜNÝÄSPORT

Kobi Braýanta ýokary sylag

Basketbolçy Kobi Braýant, Amerikan telewideniýe akademiýasy tarapyndan berilýän “haýyr-sahawat we jemgyýete goşan goşandy” üçin 2020-nji ýylda «Emmy Governors» baýragyna eýe boldy.

2020-nji ýylyň ýanwar aýynda dikuçar heläkçiliginde pajygaly ýagdaýda aradan çykan basketbol ýyldyzy Kobi Braýant Amerikan telewideniýe akademiýasy tarapyndan sylaglanar.

13 ýaşly gyzy Janna bilen bolan heläkçilik sebäpli 42 ýaşynda aradan çykan meşhur türgen basketbol meýdançasynyň daşynda “haýyr-sahawat, jemgyýete goşan goşandy we ylham beriji aýratynlyklary” üçin 2020-nji ýylda Los Anjeles «Emmy Governors» baýragyna mynasyp hasaplandy.

«Emmy» baýraklaryny kesgitlän teleýaýlym akademiýasy: “Bu baýrak, sungat, ylym ýa-da telewideniýe dolandyryşynda adatdan daşary, innowasiýa we öňdengörüjilik gazanan we Los Anjeles sebitine möhüm goşant goşan adama, kompaniýa ýa-da gurama berilýär” — diýip belleýär.

2020-nji ýyldaky “Los Anjeles Emmy” baýraklary 18-nji iýunda gowşurylar.

Ýene-de okaň

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar

Tokayew: “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk başlandy

Türkmenistanyň ilçisi Moldowada birnäçe duşuşyklary geçirdi

Ata Watan Eserleri