JEMGYÝET

ÝB we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň onlaýn duşuşygy

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini hem-de häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bilelikdäki maksatnamalaýyn resminamalaryň amala aşyrylyşy hem-de ykdysady, energetika, ulag we ekologiýa pudaklaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada durup geçdiler. Şeýle hem, ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de ýakyn geljek üçin göz öňünde tutulan beýleki bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, gepleşikleriň çäklerinde gatnaşyjylar sebit we halkara durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meseleler babatynda, dünýäde ýüze çykan howply ýagdaýa garşy göreşmekdäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we sebitde onuň durmuş-ykdysady täsiriniň netijelerini azaltmagyň  wajyplygy babatynda pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen tanyşdyrdy, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy barada belledi.

Ýene-de okaň

Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaşy bellendi

Özbek Liderinden Milli Liderimize minnetdarlyk haty

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidenti Awazadaky forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

“Makul habar” elektron gazeti: BMG-niň Awaza forumyna bagyşlanan ýörite sany

“Ata Watan Media” topary BMG-niň Awaza forumyny gyzgyny bilen okyjylara ýetirdi