SPORT

Çempionat “utulan-çykdy” görnüşinde dowam eder

 

Italiýanyñ futbol federasiýasynyñ prezidenti Gabriel Grawin “Seriýa A” çempionatyny utulan-çykdy görnüşinde tamamlanyp biljekdigini mälim etdi.

Gabriel Grawin: “Seriýa A çempionaty 13-nji iýunda arakesme yglan edilen ýerinden dowam eder. Emma biz her hili ýagdaýlara taýyn bolmaly, şonuñ üçin biz çempionaty her hili görnüşde dowam etdirmek üçin pikirlenýäris we çempionatda utulan-çykdy görnüşini hem göz öñünde tutýarys” diýip, nygtady.

Italiýanyñ 2019/2020 futbol çempionaty koronawirus keseli sebäpli togtadylypdy. 18-nji maýdan başlap, toparlara türgenleşik işlerine başlamaga rugsat berdiler.

Related posts

100 günden soňra “Premier Liga” başlaýar

Şu gün Çempionlar Ligasynyň finaly: “Real Madrid” we “Borussiýa Dortmund”

«CAFA Nations Cup-2023»: Türkmenistan:1 – 1: Täjigistan