TEHNOLOGIÝA

«Huami» kompaniýasyndan täze akylly sagat

«Huami» kompaniýasy indi 2004-nji ýyldan bäri ýokary hilli elektronika harytlary alyjylara hödürleýär. Ynha şeýle ajaýyp harytlaryň ýene birini kompaniýa ýakynda satuwa çykarar. «Huami» kompaniýasy «Amazfit Ares» atly täze sport akylly sagadyny alyjylara hödürleýär. Bu sport akylly sagady şu ýylyň 19-njy maýynda söwda nokatlarynda satuwa çykar. Bu sagat ulanyja jemi 70 sany hyzmaty ýerine ýetirer. Şolaryň arasynda uky derňewini barlaýan, okuw sapaklaryna taýýarlanmak üçin hem-de fitnes üçin gerekli hyzmatlar hereket eder. Onuň bahasy 100 amerikan dollardan pesde bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady