TEHNOLOGIÝA

Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdesi boldy

Halkara kosmos stansiýasynyň täze serkerdesi “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawty Oleg Kononenko boldy.

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabryndan bäri kosmos stansiýasynyň serkerdesi bolan ýewropaly astronawt Andreas Mogensondan bu wezipäni kabul edip aldy.

Mogenson Kononenko stansiýanyň simwoliki açaryny gowşurdy, şondan soňra ekipaž däp bolşy ýaly, stansiýadaky jaňjagazy urdular.

Kononenko şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdesi bolar.

Mälim bolşy ýaly, 4-nji fewralda Kononenko uzak wagtlap kosmos giňişliginde galmak boýunça dünýä rekordyny goýupdy.

NASA edarasynyň maglumatyna görä, 12 martda “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawty Konstantin Borisow, NASa-nyň astronawty Žasmin Mogbeli, Ýewropa kosmos agentliginiň astronawty Andreas Mogensen, şeýle hem Ýaponiýanyň Aerokosmos barlaglary agentliginiň astronawty Satosi Furukawa Ýere dolanyp gelerler.

Ýene-de okaň

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler