SPORT

Mbappe Fransiýanyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy

Fransiýanyň “Liga 1” futbol çempionatynyň tamamlanmagy bilen “PSŽ” toparynyň ýaş hüjümçisi Kilian Mbappe milli çempionatda iň köp gol geçiren oýunçy diýen adyna mynasyp boldy. Mbappe 20 duşuşykda oýnap, 18 gezek tapawutlanmagy başardy. Şeýle hem “Monako” toparynyň oýunçysy Wissam Ben Ýedder 18 gezek gol geçirmegi başardy. Emma ol bu sepgide 26 duşuşykda ýetdi.

Mbappe eýýäm ikinji gezek “Liga 1” çempionatynyň iň köp gol geçiren oýunçysy diýlip yglan edildi. Geçen möwsümde-de hüjümçi 18 gezek tapawutlanmagy başarypdy.

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy