BIZNES

YouTube – da goýlan ilkinji wideo 15 ýyl boldy

YouTube dünýäde wideo paýlaşmak üçin iň amatly platformalarynyň biridir. Onuň döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa ol dünýäde meşhurlyk gazanmagy başardy. Aslynda YouTube platformasy 2005-nji ýylyň 14-nji fewralynda döredildi. Emma muňa garamazdan ilkinji «YouTube» wideosy 2005-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýüklendi. «YouTube» – yň  esaslandyryjysy Jawed Karim «Men haýwanat bagynda» atly 18 sekuntlyk wideo ýerleşdirdi. Şol döwürler bu wideo 90 milliondan gowrak adam tomaşa etdi. «YouTube» – yň habar bermegine görä, häzirki wagtda platforma her aýda 2 milliarddan gowrak ulanyjy girýär. Şeýle hem onda her bir adam öz YouTube kanalyny döredip, paýlaşmak isleýän wideolaryny ýükläp bilýärler. YouTube-de peýdaly wideolaryň köpdügi hemmämize mälimdir. Biz olary gündelik durmuşymyzda, zerur ýerlerde peýdalanýarys.

Platformadaky wideolaryň ählisi YouTube esaslandyryjysy Karim bilen haýwanat bagynda başlanandygyny aýratyn bellemegimiz gerek.

Related posts

Süýt almak üçin baryp, 1 million dollar utdy

Türkmenistan’da özel sektör şeker üretecek

vepa

Hindistan 230-dan gowrak howa menzilini gurar