SIZDEN GELENLER

Fransuz dili barada gyzykly maglumatlar

  1. Fransuz dili diňe bir Fransiýanyň resmi dili bolman, eýsem Monakoda, Lýuksemburgda, Belgiýada, Madagaskarda we Afrikanyň käbir ýurtlarynda resmi dilleriň biridir. Olaryň köpüsi Fransiýanyň öňki koloniýalary hasaplanýar.
  2. Fransuz dilinde dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda 250 million töweregi adam gürleýär.
  3. Bu dilde ulanylýan “W” harpy diňe alynma sözlerde duş gelýär.
  4. Fransuz dili dünýäde meşhurlygy boýunça ikinji ýerde durýar.
  5. XVII-XX asyrlarda fransuz dili diplomatiýanyň we halkara gatnaşyklaryň möhüm dili hasaplanylýardy. Diplomatlaryň arasynda fransuz dilinde gürläp bilmeklik häzirki günlere çenli hem abraýly hasaplanýar.
  6. Tans sungatynyň bir görnüşi bolan balet zamanasynyň Fransiýada başlanmagy sebäpli bu ugurdaky adalgalaryň köpüsi fransuz diline degişli hasaplanylýar. Ýene-de bir bellemeli zat syýasy we diplomatik adalgalaryň aglabasy fransuz dilinden gelip çykandyr.
  7. 1066-njy ýylda Fransiýanyň Angliýany basyp almagy bilen 300 ýylyň dowamynda fransuz dili Angliýanyň resmi dili boldy. Şol sebäpli hem iňlis sözleriniň 30-50 % fransuz diliniň esasynda dörän hasaplanylýar.
  8. Häzirki fransuz dili XVII asyryň ýazyjylary bolan Molýer, Dekart we beýlekileriň tagallalary netijesine kemala gelipdir.
  9. Fransuz dili BMG-niň resmi dilleri hasaplanylýan 6 diliň biridir.
  10. Fransuz dilindäki “Salut” sözi hem salamlaşmagy, hem sagbollaşmagy aňladýar.
  11. 1969-njy ýylda Jorj Perekiň “La Disparition” romanynda fransuz dilinde iň köp ulanylýan “e” harpy hiç hili ulanylmandyr. Bu romany rus diline terjime edilende hem rus diliniň “o” harpy hiç ýerinde gabat gelmeýär.

 

Taýýarlan: Laçyn HOJAÝEWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň  talyby.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk