SPORT

Real Madrid topary “Santýago Bernabeu” stadionyny terk edýär

Ispaniýanyñ La Liga çempionaty, Real Madrid toparyna möwsümiñ galan wagtyny “Alfredo Di Stefano” stadionynda geçirmek rugsat beripdir diýip, Marca metbugaty habar berýär. Öñ bu 6.000 orunlyk stadionynda, Şa klubyñ ikinji topary öz duşuşyklaryny alyp barýardy. Täzeden abatlaýyş işlerini geçirmek sebäpli Şa kluby ady bilen tanalýan Real Madrid topary öziniñ “Santýago Bernabeu” stadionyny terk eder, bu bolsa işçileriñ işini has hem çaltlaşdyrar. Şeýle hem inniki geçirilmek meýilleşdirilýän duşuşyklar hem tomaşaçysyz geçiriler. Ispaniýanyñ La Liga çempionaty 27-nji tapgyrdan soñ käbir meselelere görä arakesme yglan edildi.

Related posts

“Şagadam” topary Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Jokowiç «Lacoste» bilen şertnamasyny täzeledi

UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

Ata Watan Eserleri