JEMGYÝET

Täze «Skubi Du» filmi 15-nji maýda tomaşaçylara görkeziler

«Warner Bros» studiýasy döredilen gününden bäri multfilmdir animasiýa eserleriň ençemesini körpe tomaşaçylara ýetirdi. Ynha studiýanyň ýakynda döreden täze animasiýa eseri «Skubi Du» ady bilen 15-nji maýda tomaşaçylara ýetiriler. Studiýanyň täze ekran eseri teatrlarda hem-de onlaýn görnüşde tomaşaçylar görüp bilerler. Onuň bir göçürmesiniň bahasy 25 amerikan dollaryna barabar bolar. « Skubi Du » animasiýa eseri esasan hem körpeje tomaşaçylar üçin niýetlenen. «Warner Bros» studiýasynyň zähmetsöýer hünärmenleri bu döreden ekran eserleri körpeler tarapyndan gyzgyn garşylanmagyna garaşýar.

Related posts

8-12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň merkezi köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýa “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanda 26-njy martda gowaça ekişine girişiler