MEDENIÝET

Daşoguzdaky teatr täze eseri sahnalaşdyrmaga girişdi

Golaýda Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Gu wanç Baýmedowyň režissýorlyk etmeginde Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýewiň «Sargyt» atly pýesasyny sahnalaşdyrmaga girişildi ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

Bu eseriň esasynda hakyky dartgynly durmuş wakalary ýatyr. Pýesanyň baş gahrymany Gülbahar ene ömrüniň köp bölegini gaýry ýurtda geçiren hem bolsa, ol bütin ömrüni ata Watanynyň didaryny küýsäp ýaşaýar. Onuň dogduk Diýaryna bolan söýgüsi kalbynda barha alawlaýar. Ol hatda «Meni jaýlanyňyzda hem ýüzümi ata Watanyma bakdyryp jaýlaň» diýip, sargyt edýär.Bu oýun ösüp gelýän ýaş nesilde Watany söýmek, ony gözüň göreji ýaly goramak, oňa wepaly bolmak ýaly duýgulary terbiýeleýändigi bilen tomaşaçylaryň iň bir söýgüli sahna eserleriniň birine öwrüler. Şu günler alnyp barylýan döredijilikli gözlegler, çeper keşpleri göwnejaý janlandyrmak bilen bagly synanyşyklar muňa esas berýär.

Edil şu awtoryň şu eserini ýakynda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry «Watan jandan ileri» diýlen at bilen sahnalaşdyrdy. Lebapda goýlan eseriň režissýory Perhat Hudaýberenow. Mart aýynda bolan eseriň synag görkezilişine awtor we ýurdumyzyň belli dramaturglary geçirildi. Bu eseriň demirgazyk sebitde hem sahnalaşdyrylmagy onda gozgalýan meseläniň aktuallygyndan habar berýär.

Ýene-de okaň

Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Bedewleriň halkara çäreleri üçin döwlet topary döredildi

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellener

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy