DÜNÝÄ

“Soyuz MS-16” kosmosa iberildi

“Soýuz MS-16” kosmos gämisi Gazagystanyň Baýkonur kosmos bekedinden Halkara kosmos stansiýasyna (UUI) uçuryldy.

Kosmonawtlar Anatoliý Iwanşin, Iwan Wagner we ABŞ-nyň Aerokosmos gullugynyň (NASA) kosmonawty Kristofer Kassididen ybarat bolan toparyň içine ýerleşen “MS-16” kapsulasy ýerli wagt bilen sagat 14.05-de Baýkonur kosmos bekedinden älem giňişligine goýberildi.

Ylm-barlag işlerini geçirjek toparyň 6 sagat soň kosmos stansiýasyna barmagyna garaşylýar. Kapsulanyň älem giňişligine iberilýän pursatlary  Russiýanyň Federal kosmos gullugynyň (ROSKOSMOS) web sahypasynda göni ýaýlymda görkezildi.

“ROSKOSMOS” tarapyndan berlen beýanata görä, bu topar Halkara kosmos stansiýasynda 6,5 aý bolup, şol döwürde stansiýanyň iş kuwwatyny gözden geçirip, onuň enjamlarynyň gurnama işlerini amala aşyrar, şeýle hem ýük kapsulasyny kabul etmek we düşürmek ýaly işleri hem ýerine ýetirer.

2019-njy ýylyň sentýabr aýyndan bäri Halkara kosmos stansiýasynda işleýän kosmonawt Oleg Skripoçka we NASA-nyň kosmonawtlary Jessika Meir we Endrýu Morgan 17-nji aprelde  dolanyp gelerler.

NASA, ROSKOSMOS, Ýewropanyň Kosmos agentligi, Kanadanyň kosmos agentligi we Ýaponiýanyň Kosmos barlaglary agentligi Halkara kosmos stansiýasynda bilelikde iş alyp barýarlar. Bu ýerde dürli kosmos barlaglary amala aşyrylýar.

Ýene-de okaň

Minsk şäherinde “Arkalaşygyň çagalary” atly X Halkara medeni-bilim forumy geçirildi

Türkmenistanyň we Kipriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan Hytaýy Awazadaky foruma çagyrdy

Azerbaýjan Siriýa tebigy gaz iberer

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary täzelendi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy