SPORT

Keýn «Tottenhem»-den gidip biler

Angliýanyň «Tottenhem» futbol toparynyň hüjümçisi Garri Keýn toparyndan gidip biljekdigini mälim etdi. Bu barada “Daily Mail” neşiri habar berýär.

Keýniň topary bilen bolan şertnamasynyň möhleti 2024-nji ýylyň tomsundan tamamlanýar. Bu futbolçynyň bahasy 150 million ýewro deňdir.

Keýn şu möwsümde toparyň köýnekçesinde 25 duşuşykda meýdança çykdy. Bu duşuşyklarda 17 gezek tapawutlandy. Ol bu toparyň futbolçysy bolup, 2011-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. “Tottenhem” toparynda tutuşlygyna 278 duşuşykda oýnap, 181 gol geçirdi. Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa 45 duşuşykda 32 gezek tapawutlandy.

“Tottenhem” topary Angliýanyň milli çempionatynda 8-nji basgançakda barýar. 29 duşuşykda 41 bal toplady. Topary meşhur tälimçi Žoze Mourinýo tälim berýär. Keýn köpden bäri şikes alandygy üçin meýdança çykmaýardy.

13-nji martda ýurduň çempionaty dünýädäki ýiti respirator keseli sebäpli yza süýşürildi.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler