Türkiýede dowam edýän arheologiki gözlegler her gezek haýran galdyryjy netijeleri berýärler: olaryň dowamynda edilýän açyşlar adamzat taryhynyň täsin we öň bilinmän galan taraplaryny görkezýärler. Şeýle açyşlaryň biri Konýa welaýatynda ýerleşýän we taryhy dokuz müň ýyldan köp bolan gadymy şäherçe – Çatalhöýük – bilen baglydyr.10 ýurduň ylmy wekillerinden, 47 alymdan, ybarat bolan halkara toparyň täze geçiren genetiki barlagy bu şäherçede ene tarapyndan nesil yzarlanylýan jemgyýetiň bolandygyny ýüze çykardy. 12 ýylyň dowamynda hünärmenler 395 adamyň galyndylaryny seljerdiler we olardan öýleriň aşagyndan (Çatalhöýük üçin adaty jaýlanyş usuly) tapylan 131 adamyň DNT-syny öwrendiler.Bir öýde, şol wagtlar üçin adat boýunça, diňe ene tarapyndan garyndaş adamlaryň ýaşandygy belli boldy: erkekler, durmuş gurandan soň, öýlerini terk edýän bolsalar, aýallar – baran ýerinde ýaşap we wagtyň geçmegi bilen, jemgyýetdäki ornuny indiki nesle berýän ekenler. Nesil hasabyny ene tarapyndan ýöreden jemgyýetde gyzlary, oglanlara garanyňda, has gowy jaýlaýan ekenler. Bu barada olaryň galyndylarynyň ýanynda köp zatlaryň ýüze çykarylmagy subut edýär. Diýmek, bu jemgyýetde aýallaryň derejesi has ýokary bolupdyr.
Geçirilen gözleg bu hili jemgyýetde wagtyň geçmegi bilen garyndaşlyk gurluşynyň nähili üýtgändigini bellemäge mümkinçilik berdi: irki döwürlerde ýakyn garyndaşlary bilelikde jaýlapdyrlar, emma soňra biologiki baglanyşygyň ähmiýeti ýitip ugrapdyr.Alymlaryň çaklamalaryna görä, munuň sebäbi medeni özgerişleriň täsiri, ýagny ogullyga almak ýa-da öweý çagalaryny terbiýelemek tejribesiniň ýaýramagy bilen bagly bolup biler.
Şäherlerden öň dörän şäherjik
Hakykatdan-da, Çatalhöýük adamzat taryhyndaky şäherleriň başlangyç nusgalarynyň biri hasaplanylýar. Bu ýerde jaýlar biri-birine golaý we gapysyz gurulypdyr, öýüň içine üçekden girilýän eken. Olaryň diwarlary freskalar, barelýeflar we aýal heýkeljikler bilen bezelipdir: olar Beýik Enäniň şekili ýa-da Enäniň hökmürowanlygynyň (matriarhatyň) nyşanlary hökmünde düşündirilýär.
Bu özboluşly ýerde ýüze çykarylan tapyndylaryň köpüsi Ankara şäherindäki Anatoliýa siwilizasiýalary muzeýinde saklanýar. Emma arheologlar tarapyndan üsti açylan gadymy şäherçäniň köçelerinden ýöräp, adamzat jemgyýetiniň gözbaşyny öz gözüň bilen görmek – hakykatdan-da gaýtalanmajak täsin duýgy.
Olar ýaly mümkiçlik hem bardyr: 2023-nji ýylda bu arheologik toplumyň çäginde döwrebap maglumat-syýahatçylyk merkezi açyldy. Onda ýerleşýän multimediýa sergileriň üsti bilen jahankeşdeler, taryh bilen gyzyklanýanlar, umuman, bu ýere gezelenje gelýänler wagtyny has gyzykly we täsirli geçirip bilerler.
Türkiýede arheologiki gözlegleriň ýaýramagy
Çatalhöýük – Türkiýäniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirýän ýüzlerçe gadymy ýerleriniň biridir. “Geljek üçin miras” taslamanyň çäginde tutuş ýylyň dowamynda gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. 2024-nji ýyl Türkiýede “Arheologiýanyň altyn asyry” diýlip yglan edildi. Häzirlikçe arheologiki taslamalaryň sany 765-e ýetdi we olaryň sany gitdigiçe köpelýär: 2026-njy ýyla çenli olaryň sanyny 800-e ýetirmek meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda Türkiýe syýahatçylary diňe bir deňiz kenarlary hem-de tebigaty bilen däl, eýsem, ýerastynda gizlenen we entäk üsti açylmadyk gadymy taryhyň gatlaklary bilen özüne çekýär.