DÜNÝÄ

23 döwlet BRIKS-e goşulmaga isleg bildirdi

Dünýäniň 23 ýurdunyň ýolbaşçylary BRIKS-e goşulmaga isleginiň bardygyny resmi taýdan beýan etdiler. Bu barada Günorta Afrika Respublikasynyň daşary işler ministri Naledi Pandor metbugat maslahatynda mälim etdi. Bu gyzyklanma, “global Günortanyň” bähbitlerini goraýjy hökmünde guramanyň ähmiýetini tassyklaýar.

Günorta Afrika Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy tarapyndan berlen maglumatlara görä, 23 ýurduň ýolbaşçylaryndan gurama goşulmak hakyndaky resmi arzalar şeýle-de resmi däl haýyşlar gelip gowuşdy.

BRIKS-e goşulmaga taýýardyklaryny mälim eden ýurtlaryň arasynda Alžir, Indoneziýa, Belarus, Wýetnam, Marokko, Argentina, Taýland, Bangladeş, Palestina, Kuba, Senegal, Efiopiýa, Gonduras, Eýran, Kuweýt, Wenesuela, Saud Arabystany, Gazagystan, Bahreýn, BAE, Boliwiýa, Müsür we Nigeriýa bar.

Related posts

Koronawirus barada film

Türkmenistan bilen Özbegistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Dünýäniň iň baý adamy täzelendi

Leave a Comment