SIZDEN GELENLER

21-nji fewral – Halkara ene dili güni

Dil halkyň maddy hem ruhy baýlygynyň özenidir. Ol halkyň bütin taryhy bilen aýrylmaz  baglanyşyklydyr. Her bir milletiň beýleki halklardan tapawutlanýan özboluşly  ene dili bardyr.

Halkara ene dili güni ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň kabul eden karary esasynda döredilýär. Onuň esasy maksady türkmen dilini has içgin öwrenmek, şeýle hem duş gelýän taryhy sözleriň manysyna düşünmek bolup durýar. Bu halkara güni 2000-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji fewralynda tutuş dünýäde bellenip geçilýär. Bu sene ýer ýüzünde her ýyl dürli şygarlar astynda bellenilýär.

1990-njy ýylyň 24-nji maýynda ýurdymyzda “Dil hakyndaky kanun” kabul edildi. Onuň  1-nji maddasynda: “Türkmen dili Türkmenistanyň döwlet dilidir” diýilip ykrar edilýär. Şeýle hem, 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde  täze türkmen elipbiýi kabul edildi. Türkmen halky Garaşsyzlygyny alandan soň, türkmen dilini öwrenmäge, onuň ulanylyş gerimini giňeltmäge we ösdürmäge giň ýol açyldy.

Halkara ene dili güni bilen birlikde BMG-niň resmi dilleri hökmünde iňlis, rus, fransuz, hytaý,  ispan, arap dilleri hem çykyş edýär. Häzirki wagtda dünýäde 6 müň töweregi dil bolup, bularyň hem her birine bagyşlanan ýörite halkara günleri bar.

 

                                                                                                                 Mähri Baýramowa,

   Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň

Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň II ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika