TEHNOLOGIÝA

2020-nji ýylyň iň köp satylan telefonlary

Koronawirus pandemiýasy sebäpli akylly telefonlaryň satuwy hem azaldy. Angliýada iş alyp barýan “Canalys” kompaniýasy 2020-nji ýylyň ilkinji 3 aýynda iň köp satylan telefonlaryň görnüşleriniň sanawyny taýýarlady.

Şol sanaw şeýle:

10- “iPhone 11 Pro”: “Apple” kompaniýasynyň iň gymmat telefonlaryň biridir. 3 aýda 3 milliony satyldy.

9- “Xiaomi Redmi 8A”: bu telefonyň hem 3 millionynyň söwdasy amala aşyryldy.

8- “Samsung Galaxy A01”: degişli döwürde bu telefonyň 4 million sanysy satyldy.

7- “Samsung Galaxy A20s”: “Samsung” kompaniýasynyň başga bir akylly telefony bolan “A20s” smartfonlaryň 4 milliondan gowragy satyn alyndy.

6- “iPhone 11 Pro Max”: bu telefonyň hem satuwy 4 milliondan birneme geçdi.

5- “Xiaomi Redmi Note 8 Pro”:  bu telefony 6 million adam satyn aldy.

4- “Samsung Galaxy A10s”: telefonyň bu görnüşi hem 6 milliondan gowragy müşderä ýerlendi.

3- “Samsung Galaxy A51”: degişli döwürde bu telefonyň hem 6 milliondan gowragy satyldy.

2- “Xiaomi Redmi Note 8 & 8T”: 3 aýyň dowamynda 8 million sanysy satyldy.

1- “iPhone 11”: 2020-nji ýylyň ilkinji 3 aýyndan iň köp satylan telefon bolup, 18 milliony satyldy.

Related posts

“Hisense” kompaniýasyndan täze akylly telefon

Altyn balyklar awtoulag dolandyrmagy öwrendi

Ata Watan Eserleri

“Yolugry” programmasy bilen yollar has amatly we gyzykly bolar!

Ata Watan Eserleri