ÝUNESKO her ýyl noýabr aýynyň üçünji penşenbesinde Bütindünýä filosofiýa gününi bellemek bilen, islendik medeniýetde her bir adamyň pikiriniň ösmegi üçin pelsepäniň dowamly gymmatyna ünsi çekýär. Filosofiýa diňe bir özüne çekiji ylmy düzgün däl, eýsem, ol jemgyýetleri üýtgedip biljek gündelik durmuş tejribesidir. Filosofiýa dünýäde bar bolan intellektual hereketleriň dürlüligi dogrusynda tanyşmak bilen medeniýetleriň gepleşiklerine goşandyny goşýar. Şeýle-de, pikirlenmäge we konstruktiw pikir alyşmaga gyzyklanma döredýär, çydamlylyk we hormat ýörelgelerine, has gowy hormat goýulýan jemgyýetiň döremegine itergi berýär. Şeýlelik bilen, filosofiýa – döwrümiziň esasy meselelerine düşünmäge we jogap bermäge kömek edýär, şeýle hem üýtgeşmeleri amala aşyrmak üçin zerur şertleri döredýär.
Bütindünýä filosofiýa gününiň esasy mowzugy dürli çäreleri – filosofiki gepleşikleri, çekişmeleri, konferensiýalary, halypa sapaklaryny, medeni çäreleri we çykyşlary gurnaýar. Çärelere gatnaşmak üçin tebigy we jemgyýetçilik ylymlarynyň ähli ugurlaryndan filosoflar, alymlar, professor mugallymlar, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem halk köpçüligi çagyrylyp bilner. 2020-nji ýyldaky Bütindünýä filosofiýa güni, bütin dünýäni häzirki pandemiýanyň ähmiýeti barada oýlanmaga çagyrdy we başdan geçirilýän köp sanly krizislere garşy durmak üçin filosofiki pikirlenmä ýüzlenmelidigini habar berdi.
Ynsanperwerligiň bir bölegi bolan pelsepe – adam durmuşynyň her bir ugruny sorag astyna alýar. Filosofiýa bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky baglanyşyk, dünýäde uzak möhletli parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin zerur şertler baradaky gözlegden gelip çykýar. ÝUNESCO bu gün ähli hyzmatdaşlaryny döwrümiziň derwaýys meseleleri barada erkin pikir alyşmaga çagyrýar. Ine, bu ýyl hem bu senäniň hormatyna birnäçe filosofik çäreler gurnalar.
Gyzlargül Annagurdowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.