SIZDEN GELENLER

11-nji fewral – ylymda aýal-gyzlaryň halkara güni

Asyrlaryň aşmagy bilen ösüp, barha kämilleşýän bilim-ylym taryhynda özüniň öçmez yzyny goýmagy başaran zenanlar barada öňler hem köp gezek aýdyldy we ýene aýdylar. Bilim-ylym dünýäsinde aýal-gyzlaryň ornunyň ýokarydygyny aýratyn bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan hem, her ýylyň 11-nji fewraly – Ylymda aýal-gyzlaryň halkara güni hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýär.

Bu halkara güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul eden Rezolýusiýasyna esaslanýar. Halkara güni aýal-gyzlar üçin ylma doly we deň derejede elýeterliligi hem-de oňa gatnaşmagy üpjün etmek üçin bellenilýär. Aýal-gyzlaryň ylymdaky orny taryhyň irki döwürlerinden başlanýar. Nobel baýragy hem-de ykdysady ylymlar boýunça baýragy 1901 we 2017-nji ýyllar aralygynda 49 gezek zenanlara berlipdir. Olaryň arasynda polşaly zenan Mariýa Kýuri 1903-nji ýylda fizika, 1911-nji ýylda himiýa ugry boýunça iki gezek Nobel baýragyna mynasyp bolmagy başardy. Şeýle-de olaryň arasynda 20-ä golaý zenan maşgala fizika, himiýa, fiziologiýa, lukmançylyk ugurlary boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolmagy başardy. Ylym ulgamynda belent sepgitlere ýeten zenanlar barada aýdylanda iňlis alymy Ada Laweýs barada hem nygtap geçmek gerekdir. Ada Laweýs ilkinji programmist zenan hasaplanyp, ol XIX asyrda “Bernulli” sanlaryny hasaplaýjy funksiýany döredýär. Wengriýaly alym Mariýa Telkeş 39 ýaşyndan başlap Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçussets tehnologiýa institutynda Gün energiýasynyň tehnologiýasyny ösdürmek bilen meşgullanýar. Bu zenan 1947-nji ýylda termoelektrik generatoryny oýlap tapýar.

Ylym dünýäsinde adygyp, birnäçe açyşary amala aşyran zenanlar başga-da kän. Özüniň ukyp başarnygy bilen beýik derejelere ýeten zenanlaryň ýene-de birnäçesini ýüze çykarmak ylymda aýal-gyzlaryň halkara gününiň esasy maksady bolup durýar.

Aýlar Atajykowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Nýu-Ýorkda örtük dakynmak zerurlygy aradan aýryldy

Ýene-de okaň

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat