TEHNOLOGIÝA

Ýaponiýanyň Sony kompaniýasy audiofil gulaklyklary öndürýän Audeze-ni satyn aldy

“Sony Interactive Entertainment LLC” (SIE) şu gün öňdebaryjy ses tehnologiýalaryny we ýokary derejeli oýun gulaklyklaryny öndürýän markany “Audeze” -ni satyn almak barada şertnama baglaşandygyny habar berdi. Kompaniýanyň maksady SIE PlayStation oýunlary üçin ses täzeliklerini güýçlendirmekdir diýip, 3dnews.ru. habar berýär.

64e841352c39f193598681.jpg

“Audeze”, “PlayStation” ekosistemasyna gatnaşmakdan peýdalanyp, köp platformaly önümleri ösdürip, özbaşdak işlemegini dowam etdirer. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Santa-Ana şäherinde ýerleşýän bu kompaniýa, professional, audiofile we oýun bazarlarynda ýokary tehnologiýaly çözgütleri üçin köp sanly baýrak aldy.

“Audeze” enjamlary diňe bir giň halk tarapyndan däl, eýsem, köp sanly oýun ösüş studiýalarynyň ses inersenerlerini goşmak bilen ýazgy hünärmenleri tarapyndan hem ulanylýar. Kaliforniýa zawodynda kompaniýa planar magnit hereketlendirijileri öndürýär we ýokary derejeli gulaklyklary hem ýygnaýar. Bu enjamlar eýýäm “Sony” önümlerinde ulanylýar.

Related posts

2022-nji ýylyň iň köp garaşylýan smartfonlary

Ata Watan Eserleri

Birinji çärýekde iň köp satylan smartfon

Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döreder