JEMGYÝET

UEFA Çempionlar Ligasy: “Arsenal” finalda “PSŽ” bilen duşuşar

UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyry tamamlandy. Germaniýanyň “Bawariýa” topary öz meýdançasynda Fransiýanyň “PSŽ” toparyny kabul etdi.

Parižde geçirilen birinji duşuşyk 5:4 hasabynda “PSŽ”-niň ýeňşi bilen tamamlanypdy. Jogap oýnunda hasaby myhmanlar açdy. Eýýäm 3-nji minutda Usman Dembele tapawutlanyp, öz toparyny öňe saýlady. Oýnuň ahyrynda, 90+4-nji minutda “Bawariýanyň” futbolçysy Garri Keýn jogap goluny urup, hasaby deňledi.

Emma iki oýnuň netijesi boýunça hut “PSŽ” finala çykan topar boldy.

Ýarym finalyň beýleki jogap oýnunda Angliýanyň “Arsenal” topary öz meýdançasynda Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparyny minimal hasap bilen ýeňip, finala gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýlelikde, UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda “Arsenal” we “PSŽ” duşuşarlar. Final duşuşygy 30-njy maýda Budapeşt şäherinde oýnalar.

Related posts

Gadyr gijesi haçan we Baýram namazy näçede okalýar?

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenanlar dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistana gelmegiň çäklendirme möhleti

Ata Watan Eserleri