BILIM

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) okuw maksatnamasynyň çäginde, Bilim meýilleşdirilişi we dolandyrylyşy milli institutynyň (NIEPA) guramagynda “Institusional meýilnamalaşdyryş boýunça bilim edaralarynyň ýolbaşçylary üçin halkara maslahat – II tapgyr” (International programme on institutional planning for heads of educational institutions Iteration – II”) geçirilýär.

2026-njy ýylyň 30-njy martyndan 10-njy apreline çenli dowam edýän bu abraýly okuw maslahatyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşýarlar.

Maksatnamanyň çäginde dünýäniň 16 döwletinden, şol sanda Russiýa, Türkiýe, Özbegistan, Müsür, Taýland we Kolumbiýa ýaly ýurtlardan gelen hünärmenler bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň döwrebap usullaryny ara alyp maslahatlaşýarlar. Okuw sapaklary Neeru Snehi, Mona Sedwal, Kumar Suresh, K. Srinivas we Kashyapi Awasthi ýaly bilim dolandyryşy ulgamynda dünýä belli professorlar we bilermenler tarapyndan ýokary derejede amala aşyrylýar.

Related posts

Gazagystan latyn elipbiýine geçýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ilkinji gezek yaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça halkara bäsleşigi geçiriler

Türkiýäniň uniwersitetleriniň okuw ýagdaýy barada

Ata Watan Eserleri