DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Yrak Respublikasynyň daşary işler ministri Fuad Muhammed Huseýin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahat etdiler.

Diplomatlar iki döwletiň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda-da, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Şeýle-de, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanjak Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny guramak bilen bagly meselelere garaldy.

Related posts

Türkmen wekilýetiniň Wýetnamdaky duşuşyklary

Türkmenistan we Özbegistan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkider

Ahalteke atlarynyň halkara tohumçylyk geňeşini dörediler